16.9 C
Aşkabat
18.05.2024
YLYM

Ekologiýa: umumy bähbitleriň hatyrasyna

Türkmen paýtagtynda “Ekologiýa boýunça Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy: gazanylan üstünlikler” atly halkara maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän iri ekologiýa maslahaty geçen ýyllar üçin türkmen döwletiniň tebigaty goramak baradaky strategiýasyny amala aşyrmagyň we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň jemlerini jemlemelidir, şeýle hem geljekki gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini kesgitlemelidir.

Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan guralan maslahata gatnaşyjylaryň köp bolmagy dünýä bileleşiginiň ekologiýa howpsuzlygy we tebigy gurşawy goramak babatda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýän biziň ýurdumyza ägirt uly gyzyklanmasyny tassyklaýar. Paýtagtymyzdaky “Prezident” myhmanhanasynyň mejlisler zalyna 150-den gowrak adam ýygnandy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň tebigaty goraýan düzümleriniň, ministrlikleriň we edaralaryň, döwlet konsernleriniň we korporasiýalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň alymlary we hünärmenleri bar. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda BMG-niň we onuň düzümine girýän edaralaryň-BMGÖM-niň, ÝUNEP, UNESKO-nyň, Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň, beýleki iri halkara guramalaryň-GEF-iň, BSG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa Ösüş bankynyň, ÝB-niň, ÝHHG-niň, ÝUSAID-iň, Halkara hyzmatdaşlygy boýunça German jemgyýetiň (GIZ), Zukkowyň Gaznasynyň, Ýewropa Öýüniň wekilleri, şeýle hem alym ekologlar, Germaniýanyň, ABŞ-niň, Russiýanyň, Italiýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleriniň hünärmenleri we bilermenleri bar.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda milletiň Lideri daşky gurşawa aýawly garamagyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi, onuň ekologiýa abadançylygy üçin tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň ägirt uly ähmiýetini belledi.

“Türkmenistan ekologiýa arassalygy we daşky gurşawy goramak babatda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen konwensiýalara, maksatnamalara hem-de taslamalara işjeň gatnaşmak bilen, Allatagalanyň peşgeş beren bu bereketli topragynyň önümliliginiň netijeliligini artdyrmagy ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady hökmünde garaýar” diýip, döwlet Baştutany belledi.

Täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanda ýaýbaňlanan uly möçberli reformalar we ägirt uly özgertmeler durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap aldy. Gadymy wagtlardan bäri türkmen halkynda mähriban topragyň ähli baýlygyny we gözelligini saklap galmak üçin suwa, ýere, haýwanat dünýäsine, gök baglara bolan gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ýazylmadyk kadalarynyň ýygyndysy bolupdyr. Häzirki wagtda bu däpler degişli kanunçylyk resminamalarynda we ägirt uly durmuş-ykdysady meýilnamalaryň hem-de tebigaty goraýyş maksatnamalarynyň anyk ýagdaýynda, iş ýüzünde durmuşa geçirilşinde öz beýanyny tapýar.

Mysal üçin, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna ýurdumyzyň özboluşly baý serişdeleriniň durnukly ykdysady ösüşiň, durmuş özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmagyň esasy binýady bolup durýandygy baradaky düzgün girizildi, munuň özi öz nobatynda olaryň aýawly, rejeli peýdalanylmagyna hökmany döwlet gözegçiligini göz öňünde tutýar. 2009-njy ýylda “Ozon gatlagyny goramak baradaky” Türkmenistanyň

Kanuny, şu ýyl Türkmenistanyň Tokaý kodeksi hem-de “Balyk tutmak we suwdaky biologiki serişdeleri gorap saklamak hakyndaky” Kanun kabul edildi.

Tebigatyň döwlet serhetleri ýok. Bütin dünýäde howanyň üýtgemegi, ozon gatlagynyň weýran bolmagy, çölleşmek howpy, agyz suwunyň ýetmezçilik etmegi, daşky gurşawyň hapalanmagy, ösümlikleriň we haýwanlaryň biologiki taýdan köpdürlüliginiň kemelmegi bilen baglanyşykly wehimler hem-de töwekgelçilikler häzirki döwrüň çylşyrymly hem-de möhüm meselesi bolup durýar, şol meseleleri çözmek diňe dünýäniň ähli ýurtlarynyň jebisleşip gatnaşan mahaly mümkindir. Daşky gurşawy goramak babatda halkara derejesinde goşulyşmak hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek

Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolupdy, şeýle bolup durýar we şeýle bolmagynda galýar, ol hemişe giň möçberli ekologiýa meselelerini çözmäge ýardam edýän oňyn hyzmatdaşlyk üçin açykdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň belent münberinde aýdan täze başlangyçlarynda bu meseleleriň göwnejaý çözgüdini agtarmaga gönüden-göni gatnaşmaga taýýarlyk nobatdaky aýdyň tassyklanmasyna eýe boldy. Döwlet Baştutanynyň bu statregiki taýdan möhüm ulgamda Türkmenistanyň iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen oňyn teklipleri, suw we beýleki tebigy serişdeleri gorap saklamak boýunça bilelikde geçirilýän iş dünýä bileleşiginiň has giň goldawyna eýe bolýar.

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy we BMG-niň Ösuş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Lenni Montieliň nygtaýşy ýaly, hyzmatdaşlyk etmegiň ähli 17 ýylynda Türkmenistanyň we BMG-niň örän işjeň hem-de uly möçberli hyzmatdaşlygy hut daşky gurşawy goramak we energiýa babatda netijelilik ulgamynda göze ilýär. Şu wagtyň içinde BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Uly möçberli Ekologiýa gaznasy ýaly halkara düzümleri tarapyndan goldanylýan dürli maksatnamalaryň we taslamalaryň 30-dan gowragy üstünlikli ýerine ýetirildi hem-de häzir durmuşa geçirilýär.

Lenni Montiel ählumumy ekologiýa howpsuzlygy taglymlary ösdürmekde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly hyzmatlaryny nygtap, Aşgabatda howanyň üýtgemegine degişli meseleler boýunça Halkara merkezini döretmek baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibine halkara düzümleriniň uly gyzyklanma bildirýändigini belledi, munuň üçin ähli zerur şertler bar. Ýurtda çölleşmek, suw, ýer we tokaý serişdelerini goramak, bioköpdürlüligi gorap saklamak we baýlaşdyrmak, energiýany aýamak ýaly, howa bilen aýrylmaz baglanyşykly meselelere oňyn täsir edýän howa boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmekde ägirt uly tejribe toplanyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ÝYT, BMG, ÝUNEP, ÝB we beýleki halkara düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda biziň ýurdumyz tarapyndan tassyklanylan BMG-niň esasy tebigaty goraýyş konwensiýalarynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça köp ugurly maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň Türkmenistanda durmuşa geçirilişiniň toplumlaýyn synlary hödürlenildi.

Daşky gurşawyň baý biologiki we genetiki serişdelerini goramak hem-de dikeltmek, asyrlaryň dowamynda döredilen özboluşly ekologiýa ulgamlaryny—Garagumuň çöllük zolaklaryny, Hazaryň deňiz gurşawyny, Köpetdagyň dag gerişlerini, Amyderýanyň kenar ýakasyndaky çäkleri gorap saklamak boýunça milli strategiýa işlenip taýýarlanyldy hem-de üstünlikli ýerine ýetirilýär. Döwlet goraghanalary bu ekologiýa ulgamlarynda haýwanlaryň hem ösümlikleriň dürli görnüşlerini gorap saklamakda hem-de baýlaşdyrmakda uly orny eýeleýär. Häzirki wagtda milli bilermenler tarapyndan ÝUNESKO-nyň halkara maslahatçylarynyň goldaw bermeginde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň Deslapky sanawyna goşmak üçin

Türkmenistanyň tebigy goraghanalarynyň altysyny bellemek boýunça resminamalaryň tapgyry taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda pisse agaçlarynyň tebigy meýdany saklanyp galan dünýäde ýeke-täk toplum bolan Bathyz goraghanasy bar.

Ýer şarynyň iň uly içerki suw howdanyny—özboluşly biologiki köpdürligine eýe bolan hakyky tebigat dürdänesini ekologiýa taýdan goramagyň ulgamyny güýçlendirjek Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň Hazar deňziniň türkmen kenarynda dünýä derejesindäki deňiz şypahanasy bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky biziň ýurdumyzyň meýillerini nazara almak bilen möhüm ähmiýeti bardyr.

Howanyň üýtgemegi hem-de senagat taýdan hapalanmak durnukly ösüşiň we ekologiýa taýdan howpsuzlygyň täze wehimleri boldy. Bu meseleler ekologiýa meseleleri boýunça biziň ýurdumyzda geçirilýän ähli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň gün tertibinde bellenildi. Bu babatda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň tebigaty goraýyş edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy görkezip bolar. Zukkowyň Gaznasy wa Halkara hyzmatdaşlygy boýunça german jemgyýeti bilen ýakyndan gatnaşykda ýurdumyzda “Arçabil” we “Sumbar” milli seýilgählerini döretmek boýunça taslamalar amala aşyrylýar. Ýerleriň bozulmagynyň öňüni almak maksady bilen sazak ekilen çöl çäkleri giňeldilýär, daglarda arçaly ýerler dikeldilýär.

Şeýle hem nemes hünärmenleri bilen hyzmatdaşlykda parnik gazlarynyň ýaýramagyny azaltmaga, energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini işläp taýýarlamaga we ornaşdyrmaga gönükdirilen arassa ösüşiň usulynyň taslamalary işlenilip taýýarlanylýar.

Garagum çölüniň jümmüşinde gurulýan, el bilen döredilen “Altyn asyr” Türkmen kölüniň—daşky gurşawy sagdynlaşdyrmaga, suw we ýer serişdelerini rejeli peýdalanmaga gönükdirilen ägirt uly ekologiýa taslamasynyň möçberleri we ähmiýeti örän uludyr. Türkmen kölüniň gurulmagy netijesinde suwa basdyrylýan ýerleriň, öri meýdanlarynyň müňlerçe gektary dolanyşyga gaýtarylyp berilýär, zeý suwlary gaýtadan ulanylýar, suw serişdeleriniň gorlary artýar, bioköpdürlülik baýlaşýar. Bu taslama ilatyň saglygy, daşky gurşaw hakynda döwletiň edýän aladasynyň nusgasy we suw serişdeleriniň ýetmezçiliginiň uly möçberli meselelerini çözmegiň mysaly bolup durýar.

Türkmen topragyny bagy-bossanlyga öwürjek–ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan uly möçberli maksatnama ägirt uly ekologiýa taýdan ugur alan ýene-de bir taslama bolup durýar. Köpetdagyň dag eteklerinde, uly we kiçi ilatly ýerleriň töwereklerinde täze tokaý seýilgähleri, giň ýaşyl zolaklar döredilýär. Bu el bilen döredilen tokaýlarda baglaryň sany eýýäm ençeme milliona ýetdi.

Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara “Türkmen tebigaty gaýtadan dikeldilýär” atly film görkezildi.

Ertir “Ekologiýa boýunça Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy: gazanylan üstünlikler” atly halkara maslahaty öz işini dowam etdirer.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Saňa garashýan!!!

syrach

Magtymgulynyň şygyrlary täjik dilinde

syrach

Türkmenistan-Fransiýa: medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

syrach