01.12.2025
DÜNÝÄ

“Ermenistan Ýewrowideniýe 2012-den çekildi”

Ermenistan Azerbaýjanyñ paýtagty Bakuwda maý aýynda geçiriljek Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşigine gatnaşmazlyk barada karar kabul etdi.

Ýewropa ýaýlym bileleşiginiñ internet saýty habary “Ermenistan Ýewrowideniýe 2012-den çekildi” söz başysy bilen berdi.

İnternet saýtynyñ habaryna görä Ermenistanyñ İçtimai telewideniýesi Bakuwda geçiriljek Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşigine gatnaşmajakdyklaryny Ýewropanyñ ýaýlym bileleşigine hat arkaly bildirdi.

Ermenistanyñ aýdym saz bäsleşigine näme sebäpli gatnaşmajakdygy barada bolsa maglumat bermedi.

Maý aýynda Bakuwda geçiriljek 57-nji Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşigine 42 ýurt gatnaşar 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Aşgabat-Türkmenabat Awtobany Gurluşygyna Badalga Berildi

turkmenhabargullugy

Türkmen Okuwçylary Halkara Žautyk Olimpiadasynda Şowly Çykyş Etdiler

turkmenhabargullugy

Beýik Ýeňiş-Mizemez Hatyra