19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk.

Türkmenistanda bolmagynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi I.Muflihanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary Daşary işler ministrliginde kabul edildi.

Gyzyklanma bildirilip, pikir alyşmalaryň barşynda uzakmöhletleýin we deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esaslarynda soňky ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen işjeň we netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde barha ösdürilýän däp bolan türkmen-tatar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy. Özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, duşuşyga gatnaşyjylar ony ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

Däp bolan gumanitar gatnaşyklary giňeltmek pikir alyşmalaryň aýratyn meselesine öwrüldi. Bellenilip geçilişi ýaly, bilelikdäki medeni çäreleriň geçirilmegi Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat eder. Sport boýunça özara gatnaşyklary ösdürmek meselesi hem duşuşygyň gün tertibine girizildi.

Şu gün wekiliýetiň agzalary hökümetde, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde, şeýle hem Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetinde kabul edildi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Göç İdaresi: Başvurumun Sonucunu Görmek İstiyorum

2017-nji Ýylyň Ilkinji Körpesi

Fijide Baş Assambleýa Geçirildi