15.01.2026
DÜNÝÄ

G-8 sammiti Kemp Dewitde geçirler.

G-8 sammitiniñ geçiriljek ýeri üýtgedi.

Ak tam sammitiñ geçiriljek ýeriniñ üýtgändigini mälim etdi.

ABŞ-da üstümizdäki ýylyñ maý aýynyñ 18-19-y arasynda G-8 sammitiniñ Kemp Dewitde geçiriljekdigi aýan edildi.

Sammitiñ Çikagoda geçirilmegine garaşylýardy.

Sammitiñ geçiriljek ýeriniñ näme sebäpli üýtgändigi barada bolsa maglumat berilmedi.

Beýanatda “G-8-däki ýakyn şäriklerimiz bilen diýalogy ýeñilleşdirmek üçin Prezident Barak Obama G-8-e degişli ýurtlaryñ liderlerini maý aýynyñ 18-19-y arasynda Kemp Dewitde myhman alar” diýildi.

NATO-nyñ liderler sammitiniñ bolsa göz öñünde tutulşy ýaly maý aýynyñ 20-21-i arasynda Çikagoda geçiriljekdigi bellenildi. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Hoş habar-Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

«Eni Turkmenistan Limited» Kompaniýasy Bäsleşik Yglan Edýär 17.01.2019-30.01.2019

turkmenhabargullugy

Brent Nebitiniň Bahalary 2015-nji Ýyldan Bäri Ilkinji Gezek Barrel Üçin 57 Dollardan Geçdi