22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň Täze Binasyny Açdylar

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň Täze Binasyny Açdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyn gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylaryň elçarpyşmalary astynda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleri toý bagyny kesdiler hem-de täze bina bilen tanyşdylar. Bu ýerde diplomatlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi.

Belarus Respublikasynyň ilçihanasynyň täze binasy okgunly ösýän türkmen-belarus gatnaşyklarynyň uzakmöhletli häsiýete eýediginiň nyşanydyr. Bu bina türkmen paýtagtynyň günorta böleginde, ilçihana şäherjiginiň çäginde peýda boldy. Dürli ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary eýýäm bu ýere göçüp geldiler. Diplomatik wekilhanalaryň binalarynyň ählisi ak mermerli Aşgabadyň umumy keşbi bilen ajaýyp sazlaşykda taslanyldy.

Geçen ýylyň maýynda iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Minsk şäherinde Ilçihanasynyň täze binasy dabaraly açyldy. Aşgabatda-da, Minskide-de Ilçihanalaryň işleri hemişe baş maksada hyzmat eder. Bu maksat iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrmakdan, özara bähbitli, netijeli işewür hyzmatdaşlygy ösdürmekden, iki döwletiň raýatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary goldamakdan we ýardam bermekden ybaratdyr. Häzirki wagtda munuň üçin hemme şertler we mümkinçilikler döredildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow açylyş dabarasynda nygtady.

Döwlet Baştutanlary Belarus Respublikasynyň ilçihanasynyň edara binasynyň öňündäki meýdançada agaç nahallaryny oturtmak dabarasyna gatnaşdylar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Harby Borçlulyk we Harby Gulluk Hakyndaky»

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi (Türkmenistan Awiakompaniýasy Hakynda)

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet Düzüminde Wezipelere Belledi