22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT YKDYSADYÝET

Prezident Aleksandr Lukaşenko: Biz Iki Halka Uly Peýda Getirýän Ägirt Uly Taslamany Amala Aşyrdyk

Prezident Aleksandr Lukaşenko: Biz Iki Halka Uly Peýda Getirýän Ägirt Uly Taslamany Amala Aşyrdyk

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Lebap welaýatynda Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, onuň gurluşygynda hünärmenleriň we gurluşykçylaryň uly topary işledi. Şol toparyň üçden biri belaruslardan, üçden ikisi bolsa türkmenistanlylardan ybarat boldy. Ähli kynçylyklary ýeňip geçip, biz bilelikde bu çylşyrymly desganyň gurluşygyny tamamladyk diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.

Tebigy serişdelere baý bolan ülkede iki ýurduň gurluşykçylary Merkezi Aziýadaky iri kaliý dökünlerini öndürýän toplumy gurdular. Dag-himiýa senagatynyň bu ulgamda iň täze tehnologiýalara esaslanýan düýbünden täze pudagy döredildi. Bu wezipäniň ýerine ýetirilmegi uly synag hem-de geljekde gerek boljak oňyn tejribe boldy. Çünki, göz öňünde tutulan meýilnamalardan çen tutsaň, ýene birnäçe ýyldan Türkmenistanyň ykdysadyýetine uly ösüş garaşýar.

Garlyk kärhanasynyň gurulmagy şeýle taslamalaryň sebitde durmuşa geçirilmegine täze kuwwatly itergi berdi diýip, Aleksandr Lukaşenko aýtdy. Şeýle desgalar üçin deňi-taýy bolmadyk gurluşygyň kadaly bahasyny saklap galmak, işleriň ýokary hilini we depginini üpjün etmek başartdy.

Belarusuň Baştutany kärhanada öndürilen kaliý dökünleriniň ilkinji müňlerçe tonnasyny goňşy Owganystana ibermek baradaky çözgüdi eşidende, özüniň haýran galandygyny we ýakymly duýgulary başdan geçirendigini aýtdy. “Ine, şeýle ýaşamaly! Hut şeýle edilende, seni hormatlarlar, saňa tarap ymtylarlar we hemişe alkyş aýdarlar. Bu beýik çözgüt” diýip, ol aýtdy.

Prezident Aleksandr Lukaşenko bu taslamany durmuşa geçirmekde çylşyrymlyklaryň bolandygyny, ýöne belarusly hünärmenleriň öňde goýlan wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelendigini we türkmen kärdeşleriniň ynamyny ödändigini belledi. “Biz bu ägirt uly taslamany bilelikde amala aşyrdyk. Ol biziň halklarymyza uly peýda getirdi” diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.

Degişli makalalar

Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýyl Ýazgysy – 2016-njy Ýyl

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Çykyş Edýär

Türkmenistanyň Prezidenti Sanly Wideoaragatnaşyk Arkaly Iş Maslahatyny Geçirdi