18.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Gylyçlaşmak Boýunça Ussat Türgenlerimiz Ýene Bir Medala Mynasyp Boldular

Gylyçlaşmak Boýunça Ussat Türgenlerimiz Ýene Bir Medala Mynasyp Boldular

Gazagystanda geçýän “Alatau gylyçlary” atly gylyçlaşmak boýunça halkara ýaryşda ildeşimiz Ahmet Agaýew erkekleriň arasynda “şpaga” agyr söweş ýaragynda gylyçlaşmak boýunça ýaryşda bürünç medaly eýeledi.

Bu toparda dürli ýurtlardan bolan türgenleriň 100-e golaýy baýraklar ugrunda bäsleşdiler. Deslapky duşuşyklaryň barşynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby A.Agaýew Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan gelen türgenleri ynamly ýeňmegi başardy. Finala çykmak ugrunda geçen duşuşykda bolsa ýer eýeleriniň toparynyň wekilinden çekeleşikli göreşde ýeňildi.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň şu güne çenli gazanan medallarynyň sany indi bäşe ýetdi. Olaryň biri altyn we dördüsi bürünç medallardyr. Ýygyndy toparymyza altyn medaly ýetginjekleriň arasynda ýeňil türgenleşik ýaragy bolan rapirada gylyçlaşmakda garşydaşlarynyň hemmesini ýeňen Jumanazar Döwletnazarow getirdi. Mundan başga-da, ol şpaga bilen gylyçlaşmak ýaryşynda üçünji orny eýeledi hem-de bu görnüşde toparlaýyn ýaryşda Maksat Hallyýew we Danil Podorogin bilen birlikde bürünç medala eýe boldy. Ýene-de bir bürünç medaly rapira bilen söweşmekde toparlaýyn ýaryşda Aýlar Melikowa, Kameliýa Melaşenko we Waleriýa Satylowadan ybarat bolan gyzlar toparymyz eýeledi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Kubogy Milli awtosport merkezinde

syrach

«Bagtyýarlyk Döwrüniň Teatr Sungaty» Atly III Halkara Festiwala Gatnaşyjylara

Türkmen Howa Ýollary

turkmenhabargullugy