11.04.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

“Lowe Me Back- Sen hem meni söý” atly aýdymyñ klibi TRT-de berildi.

Ýewrowideniýe aýym saz bäsleşiginde Türkiýä wekilçilik etjek “Lowe Me Back- Sen hem meni söý” atly aýdymyñ klibi ilkinji gezek TRT-de efire berildi.

Jan Bonomy klipde deñizçini suratlandyrýar.

Klip Ýerebatan bendi bilen Stambul uniwersitetinde surata düşürildi.

Klibe 80 adam gatnaşdy we 200 kastýum ulanyldy.

Klibiñ sahnalary şäheriñ taryhy gözelliklerini beýan edýär.

Klibe Bonomo bilen birlikde tomaşa eden ÝB ministri Egemen Bagyş Ermenistanyñ Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşiginden çekilmegi baradaky kararyny tankyt etdi.

“Garabagdan çekilen bolsalardy halkara mesele çözülerdi” diýdi.

Azerbaýjanda geçiriljek 57-nji Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşiginde Türkiýä Jan Bonomo “Lowe Me Back-Sen hem meni söý” atly aýdym bilen wekilçilik eder.

Aýdym saz bäsleşigi 22-nji maýda ýarym final bilen başlar. 

referans:www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew Köpçülikleýin Habar Beriş Serşdeleriniň Wekilleriniň Öňünde Çykyş Etdiler

turkmenhabargullugy

«HASAR» Fabriginiň Süýji Önümleri Täze Ýyl Söwdasynda Islegli Harytlaryň Biri

turkmenhabargullugy

Zenanlar guramasynyň işjeň agzalarynyň duşuşyklary.

syrach