15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DÜNÝÄ

Türkmen-ýapon medeni gatnaşyklary.

“Prezident” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Ýaponiýanyň biziň ýurdumyzdaky ilçihanasy tarapyndan guralan bilelikdäki iki günlük medeni çäräniň açylyşy boldy. Bu çäre ýapon halkynyň gadymy we özboluşly dünýäsi bilen ýakyndan tanyşmak isleýänleri bir ýere jemledi. Surat çekmegiň gadymy ýapon tärlerini we ýaponlaryň däp bolan milli tagamlarynyň taýýarlanylyşyny görkezmek üçin hanym Ýamada ýörite Aşgabada geldi.

Iki dostlukly ýurduň gumanitar gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýän bu çärä gatnaşyjylaryň arasynda diplomatik korpusyň, halkara guramalarynyň, jemgyýetçiligiň we döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri , ýapon medeniýetiniň köp sanly muşdaklary—aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary bar.

Iki günüň dowamynda bu ýere gelýänlere hanym Ýamadanyň geçirýän ussatlyk sapagyna gönüden-göni gatnaşmaga mümkinçilik dörediler. Medeni çäräniň şu günki birinji agşamy sumi-e usulynda ýüpegiň we kagyzyň ýüzüne nagyş çekmek sungatyna bagyşlandy.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

8-nji Mart Halkara Aýal-Gyzlar Güni

Hytaýyň Ýaramaz Yşaratlarynyň Netijesinde Nebitiň Bahalary Aşaklaýar

Bildiriş