29.9 C
Aşkabat
03.08.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Gratografiýa Usulynda Işleýän Nakgaş Alymjan Işangulyýew Täze Eserini V Aziada Bagyşlady

Gratografiýa Usulynda Işleýän Nakgaş Alymjan Işangulyýew Täze Eserini V Aziada Bagyşlady

Lebaply belli nakgaş, welaýat ýörüte sungat mekdebiniň mugallymy Alymjan Işangulyýew öz işini „Türkmenistana hoş geldiňiz!“ diýip atlandyrypdyr. Awtory onuň döremegine Aziada-2017-ä bagyşlanan 500 günlük atly ýörüş ruhlandyrypdyr.

Suratyň ýordumynda taryh, medeniýet, däp-dessurlar we iri sport çäresiniň geçirilmegine garaşýanýurduň häzirki güni sazlaşykly utgaşýar. Eserde taryhy gadymyýetden gaýdýan, özboluşly Türkmenistanyň keşbi çeper beýan edilipdir.

Onuň täze işi gratografiýa usulynda ýerine ýetirilipdir. Onda aşagyna ak kagyz ýazylan syk gara kagyza iňňe bilen synçgylanyp surat çekilýär, şunda asla ýalňyşmak bolmaýar. Bu öte kyn žanrda kör reňk ulanylmaýar, onda diňe bir reňkde çeper beýan etmegi başarmaly. Alymjan Işangulyýew ony Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynda okaýan döwri öwrenipdir, indem bu ugurdan yhlas bilen işläp gelýär.

-Bu meniň gratografiýada çeken iň kyn işim,-diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda yglan eden bäsleşiginiň ýeňijisi Alymjan Işangulyýew gürrüň berýär.-Ýurdumyzyň Aziadany nahili ruhubelemntlik bilen garşylaýandygyny nä derejede beýan edip bilendigime tomaşaçylar baha berer.

Degişli makalalar

Täze Köpri Söwda Aragatnaşyklarynyň Pugtalanmagyna Ýardam Berer

Köýtendagyň Tebigy Baýlyklarynyň Özleşdirilmegi Sebitiň Durmuş-Ykdysady Ösüşini Çaltlandyrar

turkmenhabargullugy

Ýiti Respirator Wirusly Ýokanç Keselleriň Öňüni Almak Boýunça BSGG-niň Maslahatlary