14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Katar Türkmen Bedewiniň Baýramçylygynyň Çäklerinde Geçirilýän At Çapyşyklaryň Sylag Gaznasyny Döretmäge Gatnaşmaga Taýýardygyny Beýan Etdi

Katar Türkmen Bedewiniň Baýramçylygynyň Çäklerinde Geçirilýän At Çapyşyklaryň Sylag Gaznasyny Döretmäge Gatnaşmaga Taýýardygyny Beýan Etdi

Soňky ýyllarda ahalteke bedewleriniň tohumyna bütin dünýäde gyzyklanma has artdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we şahsy howandarlygynda Türkmenistanda milli atşynaslyk ýörelgelerini gaýtadan dikeltmek, ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, seçgi-tohumçylyk işini geçirmek arkaly ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny saklamak we gowulandyrmak, olaryň genofonduny gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işleriň netijesidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Naser bin Al Taniden gelip gowşan hat hem ahalteke bedewlerine dürli ýurtlarda gyzyklanmanyň barha artýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy. Ol milli Liderimizi ýetip gelýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlady. Gutlagda şeýle diýilýär:

“Siziň Alyhezretiňiziň türkmen bedewlerine berýän netijeli ünsüňiz, arassa ganly ahalteke bedewlerini ösdürmek we saklamak boýunça edýän ägirt uly tagallalaryňyz türkmen bedewlerine bildirýän söýgiňizde äşgär duýulýar. Siziň Alyhezretiňiz, maňa Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň çäklerinde guralýan at çapyşyklarynda baýraklary tassyklamak üçin “Türkmen atlary” Döwlet birleşiginiň hasabyna ABŞ-nyň 500 müň dollary möçberindäki pul serişdesini geçirmäge rugsat ediň.

Siziň paýhasly syýasatyňyz netijesinde ahalteke bedewleriniň mundan beýläk-de dünýäniň dürli künjeklerine ýaýradyljakdygyna ynanýaryn”.

Dürli ugurlary öz içine alýan bu işler bilen baglylykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi uly ähmiýetli waka bolup durýar, Türkmenistanyň Baştutany bu guramanyň başlygydyr, ýurduň ähli welaýatlarynda täze atçylyk-sport toplumlarynyň ulanmaga berilmegi, halkara derejesinde ahalteke bedewleriniň arasynda gözellik bäsleşiginiň esaslandyrylmagy möhüm ähmiýetli wakalar bolup durýar.

Degişli makalalar

“Bosgunlar Hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň Kabul Edilmegi-Türkmenistanyň Alyp Barýan Ynsanperwer Syýasatynyň Aýdyň Subutnamasydyr!

ABŞ Nebitiň Bahalaryny Durnuklaşdyrmak Maksady Bilen G20-de Saud Arabystanyna Ýüzlenmek Isleýär

turkmenhabargullugy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap Welaýatyna Iş Sapary

turkmenhabargullugy