01.12.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmen-türk gatnaşyklary ösýär.

Türkmenistanyñ döwlet Ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda iş alyp barýan Kotam türk firmasynyñ ýolbaşçylaryny kabul etdi.

Türkmen lideri Berdimuhamedow bilen duşuşan Kotam firmasynyñ dolanşyk geñeşiniñ başlygy Muammer Agym, türk liderini saýlawda gazanan üstünligi bilen mähirli gutlady.

Muammer Agym Türkmenistanda durmuşa geçirýän işleri barada maglumat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa Kotam firmasy bilen birnäçe ýyldan bäri dowam edýän netijeli hyzmatdaşlygyñ iki tarapyñ hem bähbidine bolandygynyñ anyk subutnamasy bolandygyny aýtdy.

Firmanyñ Türkmenistanyñ ykdysady galkynyşy üçin esasan hem tekstil pudagyna goşýan goşandygynyñ takdyra laýyk bolandygyny aýdan Berdimuhamedow, bu hyzmatdaşlygyñ dowam etmegini isleýändiklerini nygtady.

Kotam firmasy Türkmenistanyñ tekstil pudagyna ilkinjileriñ hatarynda maýa goýan firmalardan biridir. Firma 2010-njy ýylda Daşoguz Ýüplük fabrigi bilen Gökdepe Ýüplük fabrigini hyzmada açdy.

Ýurtda ilkinji gezek medisina we kozmetika üçin pagta öndürýän fabrik açan firma, Baýramaly we Gökdepe ýaly birnäçe şäherde tekstil fabriklerini gurdy.

Gurluşyk pudagynda hem iş alyp barýan firma Gökdepe etabynda we Balkan welaýatynda enäniñ we çaganyñ saglygynyñ goralmagy üçin ýörite desgalar gurdy. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Edermen Oba Zähmetkeşlerine, Hasyl Ussatlaryna we Ähli Halkyna

turkmenhabargullugy

Brent Kysymly Nebitiň Barreliniň Bahasy 2016-njy Ýylyň 30-njy Noýabryndan Bäri Birinji Gezek 51 Dollardan Aşak Düşdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

turkmenhabargullugy