18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SPORT

Türkmenistanda Saglyk we sport hepdeligi geçiriler.

2-nji aprelde Türkmenistanda Saglyk we sport hepdeligine badalga beriler. Onuň çäklerinde bütin ýurt boýunça, ähli şäherlerde we obalarda bedenterbiýe-sport çäreleri we bäsleşikleri geçiriler, köpçülikleýin ýörişler we türgenleriň görkezme çykyşlary guralar, paýhas oýunlary we gyzykly wiktorinalar, tematiki bäsleşikler, sergiler we beýleki çäreler geçiriler. Bu hepdelik 7-nji aprelde bellenilip geçiljek Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp guralýar. Saglyk güni „Sagdynlyk ömrüňe ömür goşýar“ diýen şygar bilen geçiriler.

Bu çäreleri guraýjylaryň arasynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti, Saglygy goraýyş we derman senagaty we Bilim ministrlikleri, şeýle hem welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik guramalary bar. Bu hepdelige dürli ýaşdaky adamlaryň köp sanlysyny çekmek göz öňünde tutulýar.

Hepdeligiň esasy maksady sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmekden ybarat bolar.

Onuň jemleri 8-nji aprelde yglan ediler we ýaryşlaryň ýeňijilerine we beýleki çärelere işjeň gatnaşanlara baýraklar we sowgatlar gowşurylar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen futbolçylary AFK-2012 Çagyryş kubogy ugrundaky göreşi dowam etdirerler

syrach

Futbol Boýunça Türkmenistanyň Çempionatynyň 6-njy Tapgyrynyň Duşuşyklarynyň Eminleri Bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi