37.9 C
Aşkabat
01.08.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Aşgabatda Palestina Döwletiniň Medeniýet Günleri Geçiriler

Aşgabatda Palestina Döwletiniň Medeniýet Günleri Geçiriler

Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri şu ýylyň 3-5-nji maýynda geçiriler. Çäräniň çäklerinde dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň konserti, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi geçiriler, kinofilmleriň görkezilişi bolar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde dostlukly ýurduň wekiliýetini kabul etmegiň barşynda ynsanperwer ulgamda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Myhmanlar paýtagtymyzyň muzeýlerine hem-de beýleki ajaýyp ýerlerine baryp görerler.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň maýynda ýola goýuldy. 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas bilen gepleşikleri geçirildi. Şonda hem Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi açylyş dabarasy boldy.

Çeşme: TDH

Degişli makalalar

Türkiýe Respublikasynda Bilim Alýan Türkmen Talyplara Bildiriş

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Awazanyň Täze Sport Toplumynyň Gurluşygynyň Barşy Bilen Tanyşdy

Mähriban Topragymyzyň Tebigy Baýlyklaryny Artdyrmagyň Bähbidine

syrach