04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Şäherleriň we Obalaryň Töwereginde Tokaý-Seýilgäh Zolagynyň Döredilmegini Işjeňleşdirmegi Tabşyrdy

Hormatly Prezidentimiz Şäherleriň we Obalaryň Töwereginde Tokaý-Seýilgäh Zolagynyň Döredilmegini Işjeňleşdirmegi Tabşyrdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň töwereginde tokaý-seýilgäh zolagyny döretmek boýunça işleri gowulandyrmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz hökümetiň mejlisinde oba hojalygyna gözegçilik edýän wise-premýer E. Orazgeldiýewiň hem-de energetika, gurluşyk we jemagat hojalygy ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer D. Amangeldiýewiň ünsüni Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň hem-de netijesinde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň töwereginde her ýyl müňlerçe agaç nahallary oturdylýan bagy-bossanlyga büremek maksatnamasynyň meselelerine çekdi.

Men düýn dikuçarly Aşgabada hem-de Ahal welaýatynyň bir bölegine aýlanyp gördüm, desgalaryň, täze etrapçalaryň we şäherçeleriň gurluşygynyň alnyp barlyşyny synladym, bugdaýyň ýagdaýy bilen tanyşdym diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, baglara ideg edilişine talabalaýyk gözegçilik edilmeýändigini, bag nahallaryň ýeterlik möçberde oturdylmaýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bag ekilen zolaklary giňeltmelidigini, tebigaty goramak, suw, ýer we biologiki serişdeleri rejeli peýdalanmak boýunça ähli çäreleri görmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem örän uly ylmy we medeni ähmiýetli aýratyn goralýan çäkler bolan goraghanalary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi talap etdi.

Çeşme: TDH

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Işewür Toparlarynyň Wekillerini Kabul Etdi

syrach

Dynç almak üçin kotedžli obanyň gurluşygy

syrach

Okeaniýanyň Wekiliýeti Uly Üstünligiň Şaýady Bolandygyny Nygtady