16.04.2026
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Polat Bülbül ogluna
«Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem joşgunly zehinini we aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanan ajaýyp üstünliklerini göz öňünde tutup, Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Polat Bülbül ogluna «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2017-nji ýylyň 27-nji apreli.

Degişli makalalar

Sinhaý Welaýatynda Ilkinji Türkmen-Hytaý Maslahaty Geçirildi

syrach

Ileri Tutulýan Durmuş Ugurlary-Milli Syýasatyň Esasy Ýol Görkezijileri

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

syrach