34.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT YKDYSADYÝET

Kabulda Türkmen-Owgan Hyzmatdaşlygynyň Mümkinçilikleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Kabulda Türkmen-Owgan Hyzmatdaşlygynyň Mümkinçilikleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde howpszulyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-owgan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Toparyň işine gatnaşmak üçin owgan paýtagtyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi.

Mejlisiň gün tertibine Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirjisiniň we Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň gatnaşmagynda beýleki infrastrukturalaýyn taslamalarynyň (elektrik geçirijileriniň torlarynyň we demir ýollarynyň gurluşygy) gurluşygynyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň, şeýle hem howpsuzlygy, bilelikdäki serhedi we Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň serhedine ýakyn etraplary goramagy we durnuklylygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri goşuldy.

Mundan başga-da iş saparynyň dowmaynda Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýolbaşçysy A.Abdulla, Daşary işler ministri S.Rabbani, Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary A.H.Atmar, Maliýe ministri we Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-owgan hökümetara toparynyň başlygy E.Hakimi bilen duşuşyklary geçirdi.

Bu duşuşyklarda energetika, ulag ugurlarynda ikitaraplaýyn özaragatnaşyklarynyň, şeýle hem söwda-ykdysady we ynsanperwer hymzatdaşlygynyň meselelerine seredildi.

Degişli makalalar

Türkmen Howa Ýollary Gatnawlaryň Uçuş Rejesiniň Tertibi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Resmi Wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasyna Sapary

Döwlet Muzeýinde Ekerançylyk Däplerine Bagyşlanan Sergi Öz Işine Başlady