18.04.2026
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Nebit-Gaz Gazetiniň Redaksiýasy Döredijilik Bäsleşigini Yglan Edýär

Nebit-Gaz Gazetiniň Redaksiýasy Döredijilik Bäsleşigini Yglan Edýär

Bäsleşige Türkmenistanyň Prezidentiniň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary derejedäki sporty, şeýle hem jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmäge gönükdirilen syýasaty hakynda gürrüň berýän makalalar, fotoreportažlar we goşgular hödürlenilip biler.

Bäsleşigiň netijeleri uly sport baýramçylygynyň — ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijileri Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanylar. Mundan başga-da, 50 sany höweslendiriji baýrak göz öňünde tutulandyr. Bu sowgatlary alanlar muzdsuz esasda «Nebit-Gaz» gazetine ýazylarlar.

Döredijilik işleri we awtorlar hakyndaky şahsy resminamalary (iş ýa-da okuw ýeri, ýaşaýan salgysy, telefon belgisi) şu salga ibermeli: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56-njy jaý, «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy.

Biziň telefon belgimiz: (faks): 44-19- 13.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen Türgenleri Futzal Boýunça Dünýäniň Öňdebaryjy Toparlaryny Haýran Galdyrar

Owadandepedäki Zawodda Gazy Benzine Gaýtadan Işleýän Desgany Oturtmak Işleri Başlandy

turkmenhabargullugy

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler