15.01.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Hazarýaka Sebitinde Tebigy Gazyň Örän Baý Ýatagy Açyldy

Türkmenistanyň Hazarýaka Sebitinde Tebigy Gazyň Örän Baý Ýatagy Açyldy

Hazarýaka sebitinde ýerleşen Uzynada meýdanynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň hünärmenleri ýurdumyzda ilkinji gezek çuňlygy 7 müň 150 metre deň bolan guýunyň buraw işlerini tamamladylar. Geçirilen geofiziki barlaglaryň netijesinde, bu guýuda 6689-6695 metr aralyk özleşdirilende gazyň senagat akymy alyndy.

Hünärmenleriň deslapky hasaplamalaryna görä, häzirki wagtda guýynyň önüm berijiligi gije-gündizde 500 müň kub metr tebigy gaza we 150 tonna gaz kondensatyna barabardyr. Umuman, munuň özi Hazaryň kenarýaka zolagynyň we ýalpaklygynyň ägirt uly kuwwatyny tassyklaýar.

Uglewodorod serişdeleriniň çykarýan möçberini artdyrmak ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hataryna girýär.

Degişli makalalar

ÝAPONIÝADAN ÖŃE GEÇEN HYTAÝ YKDYSDY TAÝDAN DÜNÝÄNIŃ IKINJI GÜÝJÜNE ÖWRÜLDI

syrach

Türkmen-Italýan Işewürler Maslahaty

syrach

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Täze Köprüleriň Açylyş Dabaralaryna Gatnaşdylar