26.9 C
Aşkabat
02.08.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 16 million 934 müň dollaryndan gowrak boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, GonkongdanOwganystandanwe beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah mata hem ýüplük, pagta-süýümi, reginirlenen süýüm, nah ýüplügiň galyndylary, buýan köküniň şiresi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar:Russiýa, BAE, Şweýsariýa, Türkiýe, Serbiýa.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 16 million 934 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Hytaýdan gelen işewür toparyň wekilleri jemi bahasy 55 müň manatlyk saryja goýunlaryň ýüňüni satyn aldylar.

Içerki bazardaýerli telekeçiler jemi bahasy11 million 470 müň manatdan gowrak bolan azyklyk bugdaýy, polipropileni, gurluşyk nebit bitumyny,şeýle hemsüýüm ülüginisatyn aldylar.

Degişli makalalar

Barmasy Çylşyrymly Ýerlerde Gün Batareýalary Sanly Telefon Stansiýalaryny Energiýa Bilen Üpjün Ederler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde 2017-nji Ýylyň Ähmiýetli Wakalarynyň Üstünde Durlup Geçildi

turkmenhabargullugy

Ýangyn Howpsuzlygy

turkmenhabargullugy