19.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

2020-nji Ýylyň 29-njy Aprelinde Žurnalistleriň Arasyndaky II Şaşka Ýaryşy Geçiriler

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen Küşt-şaşka mekdebi hem-de «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnaly tarapyndan sportuň köpçülikleýinligini artdyrmak maksady bilen bilelikde guralýan žurnalistleriň arasynda her ýylda geçirilýän şaşka ýaryşy 2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde geçiriler.

Bäsleşige 2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen Küşt we şaşka mekdebinde ir bilen sagat 09:00-da badalga berler. Ýaryşa gatnaşýanlary hasaba almak işleri 08.00-da başlanýar. Hasaba alyş işleri ýaryş başlaýança dowam edip, hasaba alynmadyklar bäsleşige gatnaşdyrylmaýar. Ýaryşa ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýurdumyzyň žurnalistika hünärinden bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp biler.

Žurnalistleriň arasyndaky şaşka ýaryşynyň şweýsar ulgamynda, ýagny deňeçerleriň duşuşygy görnüşinde geçiriljekdigini ýatladýarys. Ol 7 tapgyrdan ybarat bolup, bäsleşigiň dowamynda her döwde ýeňlenler we üstün çykanlar bir-birleri bilen duşuşarlar. Bäsdeşler bolsa kompýuter arkaly atyljak bije esasynda kesgitleniler. Munuň özi ýaryşyň adalatly bolmagyny kepillendirýän bütin dünýäde synagdan geçen usuldyr.

Žurnalistleriň arasyndaky şaşka ýaryşy 2 toparda, ýagny erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçiriler we her toparyň 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlaryna «Makul Hyzmat» Terjime merkezi tarapyndan gymmatbahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşurylar.

Žurnalistleriň arasyndaky şaşka ýaryşyna gatnaşmak isleýänleriň aşakda görkezilýän salgyda özlerini hasaba aldyrmalydyklaryny ýatladýarys. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler 8 00 62 88 02 63 we 8 00 63 35 29 74 telefon belgisine jaň etmeli ýa-da atawatansport@gmail.com e-poçta salgysyna hat ibermeli. Şaşka ýaryşyna gatnaşyjylar ilkinji 100 adamyň çäginde hasaba alnar.

Çeşme: www.msy.gov.tm

Degişli makalalar

Baýramçylygyň Hormatyna Ýaryşlar

syrach

Talyplar Uniwersiadasy Oýunlaryň Maksatnamasyny Giňeldýär

syrach

(TENDER) Türkmenbaşynyň Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawodlar Toplumy Bäsleşik Yglan Edýär