22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Katar Bilen Baglanyşykly Diplomatik Dartgynlyk Gaz Bazaryna Barha Köp Täsir Eder

Katar Bilen Baglanyşykly Diplomatik Dartgynlyk Gaz Bazaryna Barha Köp Täsir Eder

Katar bilen baglanyşykly diplomatik dartgynlyk nebitiň bahalaryna düýpli täsirini ýetirmez, diýip Capital Economics britan konsalting kompaniýasynyň ykdysatçysy Tomas Pýu duşenbe güni aýtdy, diýip Trend habar berýär.

«Bu ýagdaý az-kem derejede OPEC ýurtlarynyň bitewüligine zyýan ýetirip biler, ýöne guramanyň ýurtlarynyň nebit syýasatyny agza-döwletleriň arasyndaky beýleki dawalar bilen baglanyşdyrmazlyk boýunça oňat tejribesi bar. Şonuň üçin hem bu ähtimallyk ýokary däl.» diýip ykdysatçy aýtdy.

Pýunyň belleýşi ýaly, Katar iri nebit öndüriji döwlet däl, ol günde 0,6 million barrele çenli nebit öndürýär.

«Ýöne bu ýurt dünýäde suwuklandyrylan gazy iň iri eksport edijileriň biri. Şonuň üçin hem Katar bilen baglanyşykly diplomatik dartgynlyk gaz bazaryna uly täsir edip biler. Eger-de Pars aýlagynyň beýleki döwletleri Kataryň tankerleriniň aýlaga çykalgasyny beklese, onda Kataryň ibermeleri saklanyp biler» diýip bilermen aýtdy.

BAE, Bahreýn, Saud Arabystany, Müsür, Liwiýa we Ýemen ýurtlaryň arasyndaky gapma-garşylyklaryň dowamynda Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryny bes etdiler.

Katar Pars aýlagynyň Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi guramasyna girýär. Onuň düzümine Müsürden başga ýokarda ady agzalan döwletleriň ählisi girýär.

Degişli makalalar

Gadymy Dargangalasy Horezm Türkmen – Seljuklar Döwletiniň Düzümine Geçenden Soň Abadançylyk Ýoluna Düşüpdir

Türkmenistanyň Prezidenti Areti, Çalyk Holding we Polimeks Kompaniýalarynyň Ýolbaşçylaryny Kabul Etdi

syrach

Fotosurat Sungaty Arkaly Durmuşa Garaýyş