34.9 C
Aşkabat
03.08.2025
DÜNÝÄ

Ýaponiýa bilen Hytaý adalar meselesinde ylalaşmady.

Ýaponiýanyň Premýer ministri “Taryhy görkezijiler adanyň bize degişlidigini subut edýär” diýýän bolsa, Hytaý “Ýaponiýanyň tezisi diňe onuň özi üçin güýjüni saklaýar” diýdi.

İki ýurduň arasynda ýüze çykan adalar meselesindäki düşmüşmezligiň dartgynlaşmagy sebäpli Ýaponiýanyň Premýer ministri Ýoşihiko Noda mesele barasynda beýanat berdi.

Premýer ministr Noda “Adalaryň halkara şertnamalarynyň Ýaponiýa degişlidigini görkezýändigini we taryhy görkezijileriň hem ony subut edýändigini” aýtdy.

Ýapon premýeriniň beýanatyna gyssagly jogap beren Hytaýyň DİM-ligi bolsa “Ýaponiýayň premýer ministriniň sözleri diňe Ýaponiýada güýjüni saklaýar, bizi gyzyklandyrmaýar” diýdi.

İki ýurduň arasyndaky dartgynlyk BMG-nyň baş assambleýasynda-da dowam etdi.

BMG-nyň sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka baran iki ýurduň wekilleri ada meselesini ara alyp maslahatlaşdy. Emma iki tarap hem egilşik etmändigi sebäpli düşnüşmezlik çözülip bilinmedi.

Düşnüşmezlige sebäp bolan adalar häzirki wagtda Ýaponiýanyň gözegçiliginde, emma Hytaý bilen Taýwan adalaryň özlerine degişlidigini öňe sürýär.

Adalaryň ýerleşýän sebitinde uly tebigy gaz ätiýajynyň bardygy takmyn edilýär. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Döwlet Muzeýiniň Guran Sergisi Guşlara Bagyşlanýar

Eýran Gaz Geçirijisini Çekmek Boýunça Pakistan Bilen Baglaşan Geleşiginden Ýüz Öwrüp Biler

Fransuz Ylmy-Populýar Žurnaly-Türkmenistanda Geçirilýän Gazuw-Agtaryş Işleri Hakda