24.9 C
Aşkabat
29.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa: Gatnaşyklary Ösdürmegiň Täze Strategiýasy

23-nji noýabrda Brýusselde Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa görnüşinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçiriler. Bu waka bäş ýurdy – Türkmenistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany hem-de Özbegistany birleşdirýän sebit boýunça Ýewropa Bileleşiginiň täze strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagyna bagyşlanan gepleşikleriň, mejlisleriň we beýleki çäreleriň tapgyrynda möhüm sepgit bolar.

Ministrler duşuşygynyň öň ýanynda bu döwletlere wekilçilik edýän žurnalistler üçin metbugat-ýörişi guraldy, olar Ýewropa Bileleşiginiň gurluşy, onuň esasy düzümleriniň we edaralarynyň işi bilen gönüden-göni tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Bu topara türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem habarçylary girdi.

Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna toplumlaýyn çemeleşmeleri täzelemek, hyzmatdaşlyk üçin gepleşikleri, onuň möhüm ugurlaryny we meselelerini giňeltmek babatynda şu günler geçirilýän köptaraplaýyn işleri Brýusselde “Örän möhüm hepde” diýip, atlandyrdylar.

Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili, ilçi Peter Burian Merkezi Aziýanyň žurnalistleri bilen duşuşykda täze strategiýanyň maksatlary we ileri tutulýan ugurlary barada aýtmak bilen, Ýewropa Bileleşiginiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň bähbidine uzakmöhletleýin gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Ileri tutulýan ugurlar, hakykatda ozalky görnüşinde galýar, emma, uly netije gazanylmagy üçin olar utgaşdyrylýar hem-de iş ýüzünde, möhüm, umumy wezipeleri çözmek üçin has giň gerime eýe bolýar. Howpsuzlyk meselesi geljekki ösüşiň binýady hem-de esasy şerti, onuň üpjün edilmegi boýunça bilelikdäki tagallalaryň jemlenmek ulgamy hökmünde esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Şunuň bilen baglylykda, jenap Burian Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi. Hususan-da ol Türkmenistanyň Günortadaky goňşusynyň durmuş we ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegine, bu ýurduň sebit goşulyşmak işlerine çekilmegine goşýan uly goşandyny belledi.

Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň çäklerinde şeýle hem bilim, kanunçylyk, ulag we energetika, suw serişdeleri hem-de daşky gurşaw, şol sanda howanyň üýtgemegi, serhetleri dolandyrmak we neşe serişdelerine hem-de ekstremizme garşy göreş esasy ugurlar bolup durýar. Söwda-ykdysady gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda yzygiderli ýagdaýda geçirilýän geňeşmeler bähbitleriň galtaşýan beýleki nokatlaryny aýan etmäge mümkinçilik berýär. Bu meseleleriň köpüsine sebitçi gatnaşyklary ösdürmek babatynda adam mümkinçilikleri nukdaýnazaryndan garalýandygy möhümdir.

Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, her ýyl Merkezi Aziýada zähmet bazaryna ýaş adamlaryň bir milliona golaýy çykýar. Olary iş bilen üpjün etmek üçin täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berýän taslamalaryň durmuşa geçirilmegi gerekdir. Munuň özi ýaşlaryň isleg bildirilýän hünärlere we bilimlere eýe bolmagy üçin şertleri kemala getirer, beýleki bir tarapdan, olaryň terrorçylyk guramalara çekilmeginiň öňüni alar, terrorçylyk bolsa hiç bir ýurdy parhsyz goýmaýan häzirki döwrüň ählumumy wehimidir.

Türkmenistan hem dünýä bileleşiginiň bu mesele babatyndaky ynjalyksyzlygyna goşulýar hem-de ykdysady, senagat syýasaty wezipelerini çözmekde hem-de işgärleri taýýarlamagyň sazlaşdyrylmagy ulgamynda özüniň oňyn tejribesini goňşulary bilen paýlaşmaga taýýardyr. Mundan başga-da, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri yzygiderli ýagdaýda hem-de tölegsiz esasda owgan talyplaryny okuwa kabul edýär, özi-de olara ýakyn geljekde Owganystanyň örän zerur boljak energetika, ulag, turbageçirijileri ulgamlary boýunça hünärler berilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu başlangyjy ozaly bilen, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alýar we goňşy ýurduň durmuş taýdan gaýtadan dikeldilmegine goldaw berilmegine gönükdirilendir.

Sebit gatnaşyklaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar, soňky ýyllaryň wakalarynyň barşy bu gatnaşyklaryň döwlet ýolbaşçylarynyň duşuşyklary, hökümetara derejesinde we işewürlik düzümleri ugry boýunça işjeňleşýän gatnaşyklar netijesinde anyk taslamalar we netijeli işler bilen ösdürilýär. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde Ýewropa Bileleşigi nähili orun eýeleýär?

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça müdiriýetiniň ýolbaşçysy Boris Ýaroşewiçiň pikirine görä, Ýewropa Bileleşigi ýaly döwletden ýokarda durýan täsin birleşik onýyllyklaryň dowamynda toplanylan baý iş tejribesine eýe bolmak bilen ýurtlaryň düzümleýin, logistika, ykdysady-hojalyk, ylmy-tehniki we beýleki ugurlar bilen sebitleýin özara baglanyşygyň kemala getirilmegine ýardam berýär. Özara alyşmalar we birek-biregiň üstüni ýetirmek arkaly mümkinçilikleriň jemlenilmegi EB-niň ýörite wekili, ilçi Peter Burianyň belläp geçen netijesine getirip biler, has takygy tutuş sebitiň ösüşine, onuň geosyýasy giňişlikde halkara düzümi hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga itergi berer. Merkezi Aziýanyň strategiki taýdan amatly ýerleşmegi bilen güýçli hyzmatdaş bolup durýandygy ÝB üçin örän möhümdir.

Şunda, Beýik Ýüpek ýoly häzirkizaman görnüşde, emma, Ýewraziýa yklymynyň halklaryny we ýurtlaryny, Gündogary Günbatar, Demirgazygy Günorta bilen birikdirýän şol bir taryhy wezipäni ýerine ýetirmek üçin dünýä giňişligine çykýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, täze Ýüpek ýoly gapma-garşylyklaryň we dawalaryň ählumumy meýilleriniň öňüni almaga, söwda, medeni, ylmy gatnaşyklara ýokary gyzyklanmanyň nusgasy bolmalydyr. Sebäbi bu adamzadyň hakykatdan-da durnukly ösüşiniň ýeke-täk ýoludyr.

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça müdiriýetiniň baştutany Boris Ýaroşewiç Merkezi Aziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşykda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek başlangyjy goldap, sebitiň ýurtlarynyň goşmaça bahany döretmek arkaly bu ýol boýunça harytlary we hyzmatlary alyşmagyň netijesinde nähili bähbit görjekdikleri baradaky öz garaýyşlaryny beýan etdi. Şunda, ýerli çig maly çuňňur gaýtadan işlemekden alynýan ýokary hilli önümler bilen söwda etmek göz öňünde tutulýar. Öz nobatynda munuň özi öndüriji ýurtlarda döredijilik we ylmy mümkinçilikleriň, olaryň işewürler toparlarynyň telekeçilik medeniýetiniň ýokarlanmagyny höweslendirer, telekeçilik işleri adamlara bilimiň, başarnyklaryň hem-de tehnologiýalaryň üsti bilen bähbit getirilmegine gönükdirilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen telekeçilerine iri taslamalary durmuşa geçirmegi ynanmak bilen, olary hut şu ugra gönükdirýär, hökümeti hususy bölekde innowasiýa önümçiliklerini milli ykdysadyýetimizde hususyýetçiligiň paýyny artdyrmak boýunça işjeň çäreleri görmek bilen goldama çagyrýar. Bularyň ählisi eýýäm özüniň oňyn netijelerini berýär – türkmen işewürligi ýurdumyzyň JIÖ-niň kemala getirilmeginde barha ähmiýetli oruny eýeleýär hem-de ol zähmet bazarynda köpsanly iş orunlaryny döredýär.

Merkezi Aziýa sebitinde bar bolan beýleki oňyn mysallar hatarynda ÝB-niň wekilleri sebitde suw diplomatiýasynyň ilerledilmegini görkezýärler hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň suw meseleleri babatynda gazanan ylalaşykly çözgüdini öňe gidişlik hasaplaýarlar we munuň özi şeýle meseleler ýüze çykýan dünýäniň beýleki sebitleri üçin hem hereket etmegi üçin nusgalyk göreldedir.

Bu barada şeýle hem ÝB – MA gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylandan soňra ÝB-niň daşary işler boýunça 19-njy noýabrda geçirilen mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler boýunça Ýokary wekili Federika Mogerini metbugat maslahatynda aýtdy, maslahata şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlaryndan žurnalistler çagyryldy. Hanym Mogerini hususan-da, ÝB-niň ähli agza döwletleriniň MA-da suw diplomatiýasy ulgamynda sebitleýin tagallalary, şeýle hem Owganystandaky ýagdaýy gowulandyrmak boýunça çäreleri goldaýandyklaryny belledi. Merkezi Aziýa ýurtlary parahatçylygyň kemala getirilmegine, tutuş sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň, esasan-da, Owganystanda abadançylygyň emele gelmegine kömek etmek üçin Owganystana Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge öz goldawyny berip bilerler hem-de şunda uly orny eýelärler diýip, ÝB-niň daşary syýasat gullugynyň baştutany belledi.

Şunuň bilen baglylykda hanym Mogerini geljek hepdede, 28-nji noýabrda Ženewada Owganystan boýunça halkara maslahatyny geçirmek meselesiniň öňde durandygyny habar berdi hem-de bu ugurda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýadan bolan hyzmatdaşlary bilen birmeňzeş nukdaýnazarynyň bardygyny aýratyn belledi.

Ol häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça öz täze strategiýasynyň gutarnykly mazmunyny kesgitleýandigini, ähli döwletleriň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini hem-de sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goldaw bermegi maksat edinýändiklerini aýtdy.

Ýewropa diplomatiýasynyň baştutany Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň gatnaşyklarynyň senenamasyna örän uly ähmiýetli çäreleriň girýändigini aýtdy, munuň özi täze meýdançada hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berer. Ol 23-nji noýabrda boljak ministrler duşuşygynyň öňüsyrasynda duşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrlikleriniň baştutanlarynyň Merkezi Aziýa boýunça geçiren duşuşyklaryna ýokary baha berdi. “Biz gapma-garşylyklara we dartgynly ýagdaýlara ýygy-ýygydan üns jemleýäris. Merkezi Aziýa bolsa biziň gün tertibimizde has öňyn meseledir” diýip, Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli wekili sözüni jemledi.

Şeýlelikde, 23-nji noýabrda Brýusselde geçjek “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” ministirler duşuşygynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa sebiti bilen özara gatnaşyklary güýçlendirmegiň ýollaryny gözlemek esasy mesele bolar. Şu nukdaýnazardan hem Ýewropa Bileleşiginiň täze strategiýasy 2019-njy ýylyň ýazynda hödürleniler.

Degişli makalalar

Prezidentimiz Tunisyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

syrach

Nebit Gymmatlaýar

Palestina Döwletiniň Prezidentiniň Türkmenistana Resmi Sapary Tamamlandy

turkmenhabargullugy