15.01.2026
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YLYM

Türkmenistanda Sanly Bilim Ulgamyny Ösdürmegiň Konsepsiýasy Işlenip Taýýarlanylýar

Türkmenistanda Sanly Bilim Ulgamyny Ösdürmegiň Konsepsiýasy Işlenip Taýýarlanylýar

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanylýar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew hökümet mejlisinde bu ulgamda alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi.

Iki tapgyrda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän bu Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly bilim ulgamy esasynda üznüksiz bilim bermek üçin şertleriň döredilmeginiň ýurdumyzyň ilatynyň häzirki zaman bilim serişdelerine giňden aralaşmagyny üpjün eder diýip belledi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet Gümrük Gullugy

syrach

Döwlet Sylaglaryna we Hormatly Atlara Mynasyp Bolan Medeniýet Işgärlerini Sarpalamak Dabarasy Geçirildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy