24.9 C
Aşkabat
03.08.2025
SPORT

Prezidentiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalçylary kesgitlenildi.

Futbol boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň finalçylary kesgitlenildi. Bäsleşigiň baş baýragy ugrunda Türkmenistanyň we Ukrainanyň ýygyndylary bäsleşerler. Biziň toparymyz ýarym finalda täjik futbolçylaryndan 2:0 hasabynda, Ukrainanyň futbolçulary bolsa, Russiýanyň toparyndan oýundan soňky jerime urgulary boýunça 3:0 hasabynda üstün çykdylar. 

Şeýlelikde, 29-njy sentýabrda 10:00-da “Aşgabat” sport toplumynda üçünji orun üçin duşuşyk geçiriler. Bu oýunda Russiýanyň we Täjigistanyň ýygyndylary duşuşarlar. 18:00-da bolsa şu sport toplumynyň merkezi stadionynda ilkinji gezek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýygyndy toparlaryny jemlän Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky 18-nji halkara ýaryşynyň ýeňijisi kesgitleniler.

referans: www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

«Hujand» Topary AFK-nyň Kubogynyň Toparçalaýyn Tapgyryna Çykdy

turkmenhabargullugy

Saglygy Goraýyş, Sport, Syýahatçylyk

Bitaraplyk Baýramynyň Hormatyna Ýaryşlar

syrach