19.04.2024
SPORT

Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi.

Häzir bagtyýarlyk döwrüne gadam basan Türkmenistan parahatçylyk, döredijilik we durmuş taýdan ösüş syýasatyny ýöredýär. Ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda täze ösüşlere kuwwatly itergi beren giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Berkarar garaşsyz döwletiň şöhratly senenamasyna täze seneler, şanly wakalar, milli baýramçylyklar altyn harplar bilen ýazyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi eýýäm biziň taryhymyza sport hereketiniň hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmasy hökmünde girdi.

Ählihalk saglyk çäresiniň nobatdaky bäşinji gününiň geçişi barada biziň habarçylarymyz gürrüň berýärler.

* * *

Aşgabat. Şu gün irden Olimpiýa suw toplumynda baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. Bu ýerde sportuň suwda oýnalýan görnüşleri boýunça “Saglygym—baş baýlygym” atly şowhunly görkezme çykyşlar boldy. Ol Aşgabat şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan guraldy. Olar uly baýramçylyk maksatnamasyny taýýarladylar.

Bu çäre milletiň Lideriniň başlangyjy bilen yglan edilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde geçirilip, ol 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyldy. Türkmenistanlylar Bütindünýä saglyk gününe sportuň köp görnüşleri boýunça has gyzykly ýaryşlary geçirmek bilen taýýarlyk görýärler.

Dabaraly sazyň owazynyň astynda ilkinjiler bolup toplumyň suwda ýüzülýän howzunyň ýodajyklarynyň ýanyna milli ýygyndy toparlaryň agzalary geldiler. Sportçularyň hatarynyň başyny çekip gelýän türgeniň elinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bar.

Soňra suwda ýüzmegiň, suw pökgüsiniň, sinhron ýüzüşiň, suwa bökmegiň ussatlary yzly-yzyna çykyş etdiler. Ähli maşklar çuňlugy üç metre we uzynlygy 25 metre barabar bolan howuzda ýerine ýetirildi.

Soňra janköýerler başga bir howuzdaky çykyşlara tomaşa etdiler. Üç, bäş, ýedi metrlik tramplinlerden çuňlugy bäş metre deň bolan howza bökmekde 12 ýaşly türgenler ussatlygyny görkezdiler. Olar dürli çylşyrymlykdaky böküşleri amala aşyrdylar. Bu görkezme çykyşlarynyň soňunda Aşgabadyň 44-nji orta mekdebiniň 5 “D” synpynyň okuwçysy A.Kusuba belentligi 10 metre barabar bolan tramlinden bökdi we suwuň düýbünde gizlenip goýlan güli eline alyp, tomaşaçylary haýran galdyrdy. Hünärmenler başlangyç taýýarlyk boýunça iki sany okuw-türgenleşik toparynyň türgenleriniň eýýäm özleriniň sport babatdaky ösüşinde birinji ýetginjeklik derejesine ýetendigini belleýärler.

Uly suw-sport baýramçylygy suwda pökgi oýnaýan toparlaryň çykyşlary bilen dowam etdirildi. Olar “pökgä gözegçilik etmek” atly 50 metr aralyga ýüzmek estafetasyny geçirdiler. Suw pökgüsi boýunça tälimçi Begenç Ataýewiň gürrüň bermegine görä, çagalaryň taýýarlygy üstünlikli geçýär. Sport mekdebiniň waterpolçylar toparynyň geçen ýyl Türkmenistanyň birinjiliginde, şeýle hem Mary we Lebap welaýatlarynda geçirilen ýaryşlarynda ýeňiş gazanmagy munuň aýdyň netijesidir.

Sazyň astynda sazlaşykly ýüzmek suw sportunyň üstünlikli ösýän we owadan görnüşleriniň biridir. Sportuň bu görnüşi bilen gyzlar meşgullanýarlar. Käbir toparlar öz çykyşlarynda “suw aýerobikasyna” degişli dürli esbaplary ulandylar.

Soňra türgenler dürli usullarda ýüzmek başarnygyny, şeýle hem suwuň astynda ýörite aýakgaply we äýnekli ýüzmek ussatlygyny görkezdiler.

Birnäçe ýyl mundan ozal açylan Sport mekdebi dürli ugurlar boýunça türgenleri taýýarlap mekdep ýaşyna çenli bolan zehinli çagalary kabul edýär. Eýýäm häzirden mekdebiň okuwçylarynyň arasynda hakyky sport häsiýetine eýe bolan suwda ýüzüjiler tapawutlanýarlar. Olar geljek-de türkmen sportunyň ýyldyzlary bolup ýetişerler we halkara ýaryşlarynda biziň ýurdumyzyň abraýyny gorarlar. Elbetde, bütin dünýäde türkmen sportunyň abraýyny belende galdyrmak üçin türgenleriň we olaryň halypalaryň öňünde uly wezipeler durýar. Ýöne, eýýäm döwletimiziň we hut milli Liderimiziň özüniň ýakyndan goldaw bermeginde welaýatlaryň merkezlerinde hem-de Aşgabatda sporty, şol sanda sportuň suw görnüşlerini ösdürmek üçin ajaýyp şertler döredildi. Munuň özi türkmen sportçularynyň uly üstünlik gazanjakdygyna umyt etmäge esas döredýär.

…Şu gün “Olimpiýa” milli sport köşgüniň buz meýdançasynda geçirilýän hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ikinji finalçysy kesgitlenildi. Ol söwda we dokma senagaty ulgamynyň “Şir” toparydyr. Bu topar “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguz han” toparyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy. Indi “Şir” topary 7-nji aprelde baş baýrak üçin Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň “Bürgüt” topary bilen duşuşar.

Bu hokkeý ýaryşy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligine gabatlanylyp, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, şeýle hem türkmen ýaşlaryny köpçülikleýin sporta çekmek maksadynda guraldy. Hokkeý bilen meşgullanmak ýaş türgenleriň bedenini we ruhuny berkidýär.

Biziň ýurdumyzda hokkeýi ösdürmek diňe häzirki bagtyýarlyk döwründe mümkin boldy. Ol häzirki zaman sport binýadyny döretmäge hil taýdan täze çemeleşmäni kesgitledi. Täze döredilýän desgalarda türgenleşmek üçin ähli şertler döredilýär. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdmuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan we geçen ýyl ulanylmaga berlen gyşky oýunlar sport toplumy munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Galyberse-de, gola ýda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen bu sport toplumy ýurdumyzyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyna berildi. Bu komitetiň wekilleriniň öňünde ýurdumyzda sportyň gyşky görnüşlerini ösdürmek wezipesi goýulýar. Hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ilkinji ýaryşyň guralmagy hem bu ugurda uly ädimiň ädilendigini tassyklaýar. Bu ýaryşyň aýgytlaýjy duşuşygynyň ertir gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriljekdigini ýatladýarys.

“Bürgüt” topary eýýäm ikinji tapgyrda finalda oýnamak hukugyna eýe boldy. “Şir” topary bolsa ähli tapgyrlarda uly tagallalary etmeli we ussatlygyny görkezmeli boldy. Bu topar üçin oýunlaryň iň soňkusy çylşyrymly boldy. Duşuşygyň başynda diňe janköýerler üçin däl, eýsem oýunçylar üçin hem garaşylmadyk ýagdaý boldy. Oýnuň eýýäm 16-njy sekundynda “Şiriň” hüjümçisi Dmitriý Sawin hokkeý topuny dürs urmak bilen öz toparyny öňe çykardy.

Duşuşygyň 7-nji minutynda “Oguz hanyň” hokkeýçileri hasaby deňlemegi, 21-nji minutda bolsa jerime urgusy bilen öňe çykmagy başardylar. Şondan köp wagt geçmänkä, “Şiriň” oýunçylary hem şeýle mümkinçilige eýe boldular, ýöne “Oguz hanyň” derweziçisi öz derwezesini ygtybarly goramagy başardy.

Ýöne duşuşygyň 27-nji minutynda “Şiriň” hüjümçisi Batyr Hallyýew dürs urgy bilen hokkeý topuny derwezeden geçirmegi başardy. Şondan bary-ýogy üç minut geçenden soň, bu toparyň oýunçysy Çary Çaryýew uzakdan dürs urgy bilen öz toparyny öňe çykardy.

Duşuşygyň üçünji böleginiň ilkinji sekuntlaryndan “Oguz han” topary hüjüme geçdi. “Şiriň” derwezesniň öňünde ýygy-ýygydan howply pursatlar döräp başlady, ýöne derwezeçi garşydaşlaryň hüjümini puja çykarmagy başardy. Duşuşygyň iň soňunda “Oguz hanyň” hokkeýçileri hasaby deňlemäge oňat mümkinçilik aldylar: “Şiriň” goragçylary oýnuň kadasyny bozmaga mejbur boldular, emin jerime urgusyny belledi. Ýöne derwezeçi Rahman Myradow bäsdeşlerine hasaby deňlemäge maý bermedi.

Duşuşyk tamamlanan dessine “Şiriň” ähli oýunçylary buza çykyp, gazanylan ýeňiş bilen birek-biregi gutladylar. Bu ýeňiş hokkeý toparyna ýaryşyň finalyna çykmaga mümkinçilik berdi. Bäsleşigi guraýjylaryň pikirine görä, Prezidentiň Kubogy ugrundaky aýgytlaýjy oýnuň örän çeleşikli bolmagyna garaşylýar, çünki, “Bürgüt” topary özüniň bäsdeşi bilen eýýäm birinji tapgyrda duşuşypdy we ýeňil bolmadyk oýunda ony 4:3 hasabynda utypdy. Ine, indi “Şir” toparynyň hokkeýçileri buz üstünde ýene-de “Bürgüdiň” wekilleri bilen duşuşarlar we ýeňiş gazanmak üçin ähli tagallalary ederler.

Üçünji tapgyryň ikinji duşuşygynyň netijeleri öňde barýan toparlaryň ýerleşişine hiç hili täsir edip bilmedi. Onda ýaryşyň ilkinji finalçysy hem-de ulag we aragatnaşyk ulgamynyň “Alp Arslan” topary duşuşdylar. Bu oýunda “Alp Arslan” 5:8 hasabynda utuldy.

Şeýlelikde, ýokarda bellenilişi ýaly, 7-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň baş baýragy üçin “Bürgüt” we “Şir” güýç synanyşarlar. Bu toparlary haýsysynyň ýeňiji boljakdygy bize ýakyn wagtda mälim bolar. Türkmen sport hereket üçin bu taryhy duşuşyk 15:00-da başlanar, oýundan soň, ýaryşyň dabaraly ýapylyşy bolar. Iň gowy toparlara medallar we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

Şu günler Merkezi küşt klubynda geçirilýän erkekleriň arasyndaky küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň sekizinji döwi ýaryşyň umumy ýagdaýyna uly üýtgeşmeleri girizmedi.

Öňküsi ýaly, öňdebaryjylaryň toparynda birmeňzeş utuk (6,5) toplan halkara grossmeýsteri Hanjar Ödäýew we FIDE-niň ussady Maksat Atabaýew birinji we ikinji orunlary paýlaşýarlar. Olar özleriniň nobatdaky duşuşyklaryny ýeňiş bilen tamamladylar.

FIDE-niň ussady Ýusup Atabaýew bäş utuk bilen üsünji orunda barýar.

7-nji aprelde ähli welaýatlardan Aşgabada gelen ýurdumyzyň iň güýçli küştçileri dokuzynjy döwüň duşuşyklarynda medallar ugrundaky göreşi dowam etdirerler.

Şu gün, Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda welosport boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 40 kilometr aralyga toparlaýyn ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa ýokary sport ussatlygy mekdebiniň, Aşgabat şähzeriniň sport komitetiniň we Daşoguz welaýatynyň türgenleri gatnaşýarlar. Ýoluň 15-nji kilometrinde üç türgen – Didar Kemalbaýew, Mergen Babaýew we Sapar Serdarow beýlekilerden arany açdylar. Olar şeýle tertipde hem birinji üçlükde ýaryşy tamamladylar. Toparlaýyn bäsleşikde Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň we Aşgabat sport komitetiniň sportuň milli görnüşleri boýunça sport mekdebiniň türgenlerinden düzülen Aşgabat-1 topary birinji ýeri eýeledi.

* * *

Balkan welaýaty. Şu gün deňziň kenaryndaky Awazada, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sagaldyş toplumynda Sagdyndyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň medeni –sport çäreleriniň çäklerinde şypahana şäheriniň zenanlarynyň aýdym-saz we tans bäsleşigi geçirildi. Kenar ýakasyndaky şäheriň kärdeşler birleşigi we medeniýet bölümi tarapyndan guralan we geçirilen bäsleşik biziň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelegesini berkarar etmekde zenanlaryň möhüm ornuna bagyşlandy. Sport bilen işjeň meşgullanýan adamlary wasp edýän gazallaryň astynda ýerine ýetirilen küştdepdi tansy bäsleşigiň esasy şertleriniň biri boldy. Bu tans çykyşlar tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi. Tomaşaçylar ýerine ýetirijilere hoşallyk bildirdiler we şunuň bilen birlikde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milletiň saglygyny berkitmek baradaky başlangyçlaryny tüýs ýürekden goldaýandyklaryny beýan etdiler.

* * *

Daşoguz welaýaty. Bu ýerde milli Liderimiziň başlangyjy bilen geçirilýän Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän dürli köpçülikleýin çäreleriniň gerimi barha giňeýär. Şu gün welaýatyň merkezinde çäreleriň birnäçesi geçirildi. Bu ýerde ählihalk çäresine ýaşlar işjeň gatnaşýarlar.

Mysal üçin, Türkmen oba hojalyk institutynyň sport toplumynda ýokary okuw mekdebiniň we welaýatyň ýörite okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryş başlandy. 1-nji sport mekdebiniň binasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi.

Daşoguz welaýatynyň iň iri sport toplumynyň 10 müň orunlyk stadionynda geçirilen aýdym-saz we sport baýramçylygynda ýaş ýerine ýetirijiler we sportçular öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bu ýerde ýaňlanan aýdymlarda we çykyşlarda Watanymyza bolan çäksiz söýgi wasp edildi. Häzir ýurdumyzda raýatlarymyz, olaryň saglygy we abadançylygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Aýdym-sazly we tans çykyşlary sportçularyň görkezme çykyşlary bilen utgaşyp gitdi.

Zähmet toparlarynyň arasynda milli oýunlar boýunça Daşoguz welaýatynyň kärdeşler arkalaşyklary guramasy tarapyndan geçirilýän bäsleşikler hem şäherde ruhubelentlik ýagdaýynda dowam edýär. Däp bolşy ýaly, göreş boýunça ýaryşa örän köp pälwan gatnaşdy, bu bäsleşigiň tomaşaçysy hem ýetik boldy. Kiçi futbolyň janköýerleri demirgazyk welaýatyň dürli kärhanalarynyň, guramalarynyň we edaralarynyň toparlarynyň arasynda geçirilen ýaryşa uly höwes bilen tomaşa etdiler.

Köneürgenç şäherinde hem şu gün uly sport baýramçylygy ýagdaýy höküm sürdi. Bu dabara gatnaşyjylar Ýagtylyk köçesi boýunça bir ýarym müň orunlyk stadionly täze sport desgasyna çenli bolan 7 kilometrlik ýoly köpçülikleýin ýöräp geçdiler. Şol sport desgasy uly sport we aýdym-saz baýramçylygynyň geçirilen ýerine öwrüldi. Onuň barşynda aýdym-sazlar ýaňlandy, uşu we karate, uly tennis, sportuň beýleki köp görnüşleri boýunça ýaryşlar we görkezme çykyşlary guraldy.

* * *

Lebap welaýaty. Şu gün sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeşliginiň çäklerinde ýurdumyzyň gündogar sebitinde woleýbol boýunça welaýatyň göçme Kubogy ugrundaky ýaryş badalga aldy. Bäsleşikler Amyderýa jülgesiniň şäherleriniň we etraplarynyň sport meýdançasynda geçirilýär. Hormatly baýragyň eýesi 8-nji aprelde Türkmenabat şäheriniň esasy sport toplumynda geçiriljek final duşuşygynda belli bolar. Şu gün bolsa sportuň köp görnüşleri boýunça welaýatyň ähli künjeklerinden gelen sportçularyň görkezme çykyşlary boldy.

Düýn Lebap welaýatynyň göçme kubogyny almak ugrundaky futbol ýaryşy tamaimlandy. Finalda Türkmenabat şäheriniň we Serdarabat etrabynyň toparlary duşuşdylar. Stadiony dolduryp oturanlar janköýerler gyzykly oýna uly höwes bilen tomaşa etdiler. Hormatly baýragy welaýat merkeziniň futbolçylary eýelediler. Olar bäsdeşlerinden 6:1 hasabynda üstün çykdylar. Üçünji baýrakly orun üçin Seýdi şäheriniň we Birata etrabynyň toparlary bäsleşdiler. Duşuşyk 2:0 hasabynda Seýdiniň futbolçylarynyň peýdasyna tamamlandy.

Şu günler Amyderýa jülgesiniň ähli zähmet toparlarynda köpçülikleýin sport-sagaldyş çäreleri geçirilýär. Soňky ýyllarda Lebap welaýatynda sport mekdepleriniň onusy ulanylmaga berildi. Häziir olarda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär.

* * *

Mary welaýaty. Yglan edilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde Murgap jülgesinde sportuň dürli görnüşleri boýunça köpçülikleýin ýaryşlar geçirilýär.

Şu gün Ýolöten etrabynda baýdarkada küreklemek boýunça ýaryş geçirildi. Bu ýere welaýatyň ähli ýerlerinden sportuň şu görnüşi bilen meşgullanýanlar geldiler. Gyzykly ýaryş tamamlanandan soň, ýokary netijeler gazanan türgenlere dabaraly ýagdaýda hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

7-nji aprelde – Büdindünýä saglyk gününiň bellenilýän gününde Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dabaraly ýagdaýda Saglyk ýoluna çykylar, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça köpçülikleýin ýaryşlar geçiriler. Paýtagtymyzda Saglyk ýolunyň 8 kilometrlik bölegi geçilenden soň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan guralan çäreleriň birnäçesi geçiriler. Hususan-da, ýörişe gatnaşyjylaryň her biri ministrligiň habarlar merkezi tarapyndan taýýarlanylan sagdyn durmuş ýörelgesi baradaky bukletler, kitaplar we býulletenler bilen tanşyp bilerler. Isleg bildirýänleriň ählisine derman otlardan demlenen çaýdan dadyp görmek, boýuny we agramyny ölçäp görmek teklip ediler. Bu ýerde dürli mekdepleriň okuwçylarynyň sagdyn durmuş ýörelgesine degişli mowzukdan bäsleşik işleriniň sergisi ýaýbaňlandyrylar we köp kilometrlik saglyk ýoluny geçen adamlaryň her birine uly we ýaş nesilleriň wekilleriniň iň gowy arzuwlary aýdylar.

Şeýlelikde, Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi tamamlanyp barýar, ýöne bize, wepaly janköýerlere umumymilli sport hepdeliginiň iň soňky, ýöne esasy ýaryşlary garaşýar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

“Köpetdag II” Üçünji Orna Geçdi

Dünýä Çempionaty 2022-niň Saýlama Tapgyrynyň Duşuşyklary Soňa Süýşürildi

turkmenhabargullugy

“Balkan” AFK-nyň prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalynyň öňýanynda.

syrach