10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SPORT

Aziadanyň Başlanmagyna Çenli Galan 30 Gün Ekologiýa Çäresine Beslener

Aziadanyň Başlanmagyna Çenli Galan 30 Gün Ekologiýa Çäresine Beslener

Iri möçberli çäre Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň galmagyna bagyşlandy.

Aşgabat şäher häkimliginde TDH-a habar berişleri ýaly, penşenbe güni 17-nji awgustda ir sagat 7-den agşamara sagat 7-ä çenli paýtagtymyzyň ýollarynda awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler. Hususy awtoulag serişdelerini paýtagtymyzyň üsti açyk we ýapyk duralgalarynda goýmak zerurdyr, şäheriň köçelerinde bolsa diňe jemgyýetçilik awtoulagy hereket eder.

Döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen Türkmen gawunynyň güni mynasybetli dabaralaryň şol güne geçirilmegi hem öňde boljak wakalaryň ähmiýetini artdyrýar.

17-nji awgustda durmuş ähmiýetli täze binalaryň, nebitgaz toplumynyň desgalarynyň, Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň açylyş dabaralarynyň, türkmen gawunynyň sergisiniň, “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşýan ýurtlaryň tagamlarynyň halkara sergisiniň hem-de gala-konsertiň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň Arasynda Telefon Arkaly Söhbetdeşlik

turkmenhabargullugy

Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisinden

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Bilelikdäki Mejlisi