22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Eýran Arakesmeden Soňra Hazar Deňzinde Nebit Alyş-Çalşygy Boýunça Işleri Gaýtadan Dikeltdi

Eýran Arakesmeden Soňra Hazar Deňzinde Nebit Alyş-Çalşygy Boýunça Işleri Gaýtadan Dikeltdi

Eýran birnäçe ýyl arakesmeden soňra ýurduň sebitde strategik bähbitlerini berkitmek üçin Hazar deňzinde nebit alyş-çalşygy boýunça işleri gaýtadan dikeltdi. Bu barada Russiýanyň nebitgaz habarlar agentligi Eýranyň Nebit ministrligine salgylanyp habar berýär.

Birnäçe nebit guýujy tankerler swoplaýyn ibermeleri amala aşyrmak üçin «Neka» nebit terminalyna baryp durdy. Garaşylyşy ýaly, operasiýalaryň möçberleri yzygiderli artdyrylar. Diýip ministrligiň aýdanlaryny Iran.ru getirýär.

Neşirde bellenilişi ýaly, günorta sebitlerden Tebriz we Tähran nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryna iberilýän nebite çykdajylary azaltmaklyk bilen birlikde, swoplaýyn ibermeleriň gaýtadan dikeldilmegi netijesinde «Demirgazyk-Günorta» geçelgesinde Eýranyň strategik ýagdaýy Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda berkidiler.

«Neka» demirgazyk nebit terminalynyň birnäçe özboluşly wezipeleri bar. onda üç sany dok we degişli enjamlar (drenaž gollary, şlanglar we suw geçiriji ulgamlar), häzirki zaman ölçeýji enjamlar, awtomatlaşdyrylan ýangyn söndüriji ulgamlar, laý suwlaryny arassalaýjy ulgamlar bar, diýlip bellenilýär.

Degişli makalalar

Türkiýede Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygy Mynasybetli Wideo Aragatnaşyk Arkaly Maslahat Geçirildi

Yabancılar için HES (Hayat Eve Sığar) kodu nasıl alınır?

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Gagauziýanyň baştutanyny kabul etdi

syrach