19.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YLYM

Internet Ulgamyndaky Şahyrana Ýaryşyň Netijeleri Yglan Edildi

Internet Ulgamyndaky Şahyrana Ýaryşyň Netijeleri Yglan Edildi

Merkezi serkerdeler öýünde “Juwanlygyň joşguny” şahyrana bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşigi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň “Milli goşun” žurnaly gurady. Şeýle resmi bäsleşik Internet ulgamynyň çäklerinde ilkinji gezek geçirildi, onuň ýeňijileri bolsa onlaýn ses bermek arkaly kesgitlenildi.

Bäsleşige 50 eser hödürlenildi, olaryň awtorlary Türkmenistanyň dürli künjeklerinden bolup, goşgular “Milli goşun” žurnalynyň Internet ulgamyndaky resmi sahypasynda çap edildi. Düzgün boýunça ilkinji üçlük internet ulanyjylar tarapyndan kesgitlendi, dördünji orny bolsa “Milli goşun” žurnalynyň döredijilik kollegiýasy kesgitledi.

Birinji orna Balkanabat şäherinden Ilaman Weliýewiň “Watan” goşgusy mynasyp boldy, oňa Internetden peýdalanyjylaryň 4068-si ses berdi. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Beggeldi Babahanow “Guwanýaryn saňa ata Watanym” atly şygry bilen ikinji orny eýeledi. Üçünji orna paýtagtymyzyň ýaşaýjysy Rüstem Hojageldiýew “Türkmendir” diýen goşgusy üçin mynasyp boldy. Redaksion kollegiýa dördünji orny Köneürgenç şäherinden Aşyr Hanowa “Watan” atly goşgusy üçin berdi.

Ýeňijiler häzirki zaman ykjam telefonlary hem-de “Aşgabat-2017”-niň Oýunlarynyň nyşanlaryna beslenen sport eşikleri bilen sylaglanyldy.

Degişli makalalar

Ýokary Okuw Mekdeplerinde «Açyk Gapylar» Güni Geçirilýär

turkmenhabargullugy

Hindistan Respublikasynyň Premýer-Ministri Türkmenistanyň Prezidentini Diplomatik Gatnaşyklaryň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygy Bilen Gutlady

(TENDER) CNPC International (Turkmenistan) Bäsleşik Yglan Edýär