24.9 C
Aşkabat
03.08.2025
DÜNÝÄ

Hamid Kerzeýiň aýgytly karary.

Kerzeýiň şu gün çykarcak karary bilen owgan güýçlerinin ilatly ýerlerde NATO-dan howa goldawyny soramagyny gadagan etjekdigi habar berildi.

NATO-nyň 13-nci fewralda Owganystanyň Kunar welaýatynda Talibana garşy geçiren howa operasiýasynda 4 sany ekstremist bilen birlikde 10 sany zenan we çaga ýogalypdy.

Owganystanyň Prezidenti Hamid Kerzeý NATO-dan howa goldaw talabynyň ýerdäki owgan güýçlerinden gelendigi barasynda maglumat alandygyny aýdypdy.

Soňky wakadan son “Bu maglumat dogry bolsa diýseň utandyrycy. Daşary ýurtlulardan öz öýümizi bombalamaklaryny islemek nähili düşnüksiz we gelşiksiz” diýen Kerzeý, mundan beýläk owgan güýçleriniň ilatly ýerlerde NATO-dan howa goldawyny talap edip bilmedcekdiklerini aýtdy.

“Ýurduň eýe biz” diýen Kerzeý, bütin dünýä öz ýurtlaryny gorap bilcek güýce eýediklerini görkezcekdiklerini aýtdy.

Owganystanda NATO tarapyndan geçirilen harby operasiýalarda aradan çykanlaryň sany ýylsaýyn artýar. BMG tarapyndan taýarlanan habarnama laýyklykda NATO-nyň hücümleriniň dowamynda Owganystanda ýüzlerçe çaga ýogalypdyr.

Gelcek ýylyň ahyryna çenli dolulygyna çykmagyna garaşylýan NATO, Owganystanda alynyp barylýan operasiýalaryň 90 göterimini owgan güýçlerine tabşyrdy.

Şonuň bilen birlikde owgan howa güýçlerinin 2014-nci ýylyň ahyryna çenli taýarlyklary tamamlap bilmecekdigini nygtaýan hünärmenler owgan obalarynyň 2014-nci ýyldan soň howa goranyşyndan mahrum bolcakdygyna ünskleri çekýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Wekiliýetiniň “Täze Söwda we Üstaşyr Ýollarda Neşe Serişdeleriniň Bikanun Dolanşygynyň Öňüni Almak Maksady Bilen Merkezi Aziýada Sebitleýin Serhetüsti Hyzmatdaşlygy Güýçlendirmek” Atly Çäresi

turkmenhabargullugy

26 Haziran 2020 Tarihinde Türkmenabat’tan İstanbul’a Düzenlenecek Özel Uçak Seferine Ilişkin Duyuru

«Alphabetiň» Aksiýalary 1 Trillion Dollara Ýetdi