14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi. 

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, ilki milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol “Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permanyň taslamasy barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem biziň jemgyýetimiziň agzybirligini, bitewüligini has-da berkitmek maksady bilen, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen adamlaryň ýurdumyzda bellenýän baýramlar mynasybetli günäsini geçip, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip belledi. 

Döwlet Baştutanymyz bu asylly däbimize eýerip, iş kesilen adamlaryň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Milli Liderimiziň bu çözgüdini mejlise gatnaşyjylar el çarpyşmalary bilen garşyladylar. 

Hormatly Prezidentimiz degişli hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň baýramçylyga çenli tussaglykdan boşadylyp, öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Biz şeýlelik bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen bu adamlara öz günälerini halal, arassa zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz günäsi geçilen adamlara bolsa, yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi. 

Soňra hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berildi. 

Wise-premýer Diwanyň işini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň dokma senagatyny we söwda ulgamyny ösdürmek maksady bilen görülýän çäreler hakynda, şeýle hem bu ugurlarda täze halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça geçirilýän işler hem-de meýilleşdirilýän pudaklaýyn çäreler hakynda döwlet Baştutanyna habar berdi. Şeýle hem milli Liderimiziň garamagyna “Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň halkara maýa goýum maslahatyny geçirmek hakyndaky” Kararyň taslamasy we bu maslahatyň iş meýilnamasy hödürlendi. Mundan başga-da, “Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky” Kararyň taslamasy hem-de 20-21-nji fewralda Aşgabat şäherinde şol toparyň ikinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportynyň we daşary söwda dolanyşygynyň möçberlerini ýokarlandyrmak, söwda ulgamynyň hem-de dokma senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak üçin işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti hakynda söz açyp, giň möçberli ykdysady meýilleri we dünýä bazarynyň bäsleşigini öwrenmegiň möhümdigini belledi. 

Döwlet Baştutany milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikleri onuň maýa goýum kuwwatyny daşary ýurtlarda giňden görkezmäge, ýurdumyzyň önümlerini täze bazarlara çykarmaga ýardam etmäge mümkinçilik berýän tanyşdyryş-sergi we kongress işiniň ornuna hem ünsi çekdi. 

Milli Liderimiz hödürlenen resminamalaryň taslamalaryny makullap we degişli kararlara gol çekip, öňde boljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini we netijeliligini üpjün etmek barada görkezme berdi. Şol çäreler däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryny, ykdysady we söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzakmöhletleýin esasda netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin binýadyň döredilmegine gönükdirilendir. 

Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dokma senagatyny, önümçilik-söwda ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklaryna girýän meseleler boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra “Türkmenistanyň maliýe-ykdysady we bank ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde garamagyndaky düzümleriň geçirýän işleri hakyndaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew çykyş etdi. Bellenip geçilişi ýaly, şu maksatnamada kesgitlenilen ilkinji nobatdaky wezipelere laýyklykda býujet serişdelerini rejeli peýdalanmak, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek hem-de maýa goýum serişdelerini çekmek maksady bilen toplumlaýyn çäreler, şol sanda ykdysady ulgamyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça çäreler görülýär. 

Hasabatyň çäklerinde “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň işi hakynda habar aýdyldy. Habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zururdygy hakyndaky görkezmelerini goldanyp, bu ulgamyň edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär, hususan-da, gullugyň barlaghanalary halkara ülňülerine laýyk gelýän iň täze gurallar we enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Aşgabat şäherinde gurulýan Döwlet etalon merkezini nusgalyk enjamlary bilen üpjün etmäge degişli teklipleri türkmen döwletiniň Baştutanynyň garamagyna hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze göwnejaý, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän milli ykdysady nusgany kemala getirmek ýurdumyzda amala aşyrylýan öňdebaryjy özgertmeler strategiýasynyň möhüm taraplarynyň biri bolup durýar diýip nygtady. Şunda bazar ykdysadyýetiniň talaplaryna laýyklykda maliýe-ykdysady we bank ulgamlarynyň edaralarynyň işini guramak bellenilen meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şu babatda döwlet Baştutanymyz kabul edilen, ilkinji nobatda garamagyndaky ähli düzümleriň işini kämilleşdirmäge degişli bolan maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşyna zerur gözegçiligi amala aşyrmagy wise-premýere tabşyrdy. 

Milli Liderimiz standartlaşdyrmagyň ykdysadyýetiň netijeliligini, onuň häzirki zaman bazarlarynda bäsleşigiň ösdürilmegine ukybyny kesgitleýän möhüm gural hökmünde ykrar edilendigini nygtap, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi . “Türkmenistanyň standartlaşdyrmak ulgamyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy” netijeli işleýän halkara derejesinde ykrar edilen, senagat hem-de sarp edijiler tarapyndan talap edilýän, ýola goýlan halkara iş tejribesi bilen utgaşdyrylan standartlaşdyrmagyň milli ulgamyny döretjek strategiýany durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi tutuşlygyna makullap, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugyna Aşgabatda gurulýan Döwlet etalon merkezi üçin etalon-nusgalyk enjamlary satyn almaga rugsat berdi hem-de wise-premýere bu barada birnäçe görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentiniň 16-njy fewralda biziň ýurdumyza resmi saparyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi. Bellenip geçilişi ýaly, ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň gün tertibine deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine sarpa goýmak we özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan däp bolan döwletara dostluk gatnaşyklaryny mundan bäýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri giriziler. 

14-16-njy martda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň bäş ýyllygyna bagyşlanylan “Beýik ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: taryhdan geljege tarap” atly halkara ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hem habar berildi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Birleşen Arap Emirlikleri bilen döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen nygtady, şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze depgine we mazmuna eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň uly kuwwata eýe bolan BAE bilen netijeli hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmegi maksat edinýändigini nygtady. Milli Liderimiz bu barada söz açyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentiniň Türkmenistana boljak resmi saparynyň iki döwletiň we halklaryň arasyndaky däp bolan dostluk-doganlyk hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň ýolunda täze möhüm ädim hökmünde ähmiýetini aýratyn belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminama gol çekip, DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 5 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek “Beýik ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: taryhdan geljege tarap” atly halkara ylmy maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlamagy hem-de guramagy tabşyrdy. 

Soňra ýurdumyzyň obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýtirilişi baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş etdi. 

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ähli welaýatlarda ýazky gowaça, şeýle hem beýleki ekinleriň ekiş möwsümine işjeň taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Agrotehniki kadalara laýyklykda, sürüm geçirilen meýdanlara ýerli we mineral dökünler berilýär, tekizleýiş işleri geçirilýär. Şeýle hem güýzlik däne ekinlerine göwnejaý ideg edilýär, olar dökünler bilen imitlendirilýär, ösüş suwy berilýär. 

Hormatly Prezidentimiz bol hasyl almak maksady bilen ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti barada aýtmak bilen, oba hojalyk pudagynda ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň, täze serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň we tutuşlygyna alynanda, oba hojalyk ulgamynyň üstünlikli ösdürilmeginiň aýrylmaz şerti hökmünde ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady. Şunda döwlet Baştutany obasenagat toplumynyň dürli ugurlary boýunça işleriň sazlaşykly guralmalydygyna aýratyn ünsi çekdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem ýurdumyzda sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ýaly ulgamlar ýurdumyzyň durmuşynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny nygtap, şu pudaklaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine göniden-göni ýardam etmelidir diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, mundan beýläk hem bu ugurdaky meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, bu ulgamlar boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi babatynda anyk görkezmeler berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligini geçirmek hakyndaky” karara gol çekip, bu hepdeligiň başyndan ähli ministrliklerde we pudaklaýyn edaralarda, guramalarda we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli kärhanalarda olaryň üznüksiz önümçilige degişli bolmadyk ähli işgärleriniň gündelik bedenterbiýe bilen meşgullanmagyny guramak zerur diýip belledi. Bu çärä taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara mundan beýläk-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň yzygiderli wagyz edilmegine, şol sanda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen giňden gatnaşyklaryň hasabyna wagyz edilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Bedenterbiýe bilen işjeň we her gün meşgullanmak umumy adam medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülmelidir diýip, milli Liderimiz belledi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň hormatyna geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamynyň ilkinji nobatda ýaşlary ahlak we watançylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn möhümdigini nygtap, ýetip gelýän uly baýramçylyk – Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan çäreleri ýokary guramaçylyk hem-de döredijilik derejesinde geçirmegiň aýratyn ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere we welaýatlaryň häkimlerine degişli tabşyryklary berdi. 

Mejlisiňi barşynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewe gözegçilik edýän pudaklarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge degişli we şol sanda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek hem-de ony ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, paýtagtymyzda we tutuşlygyna alnanda, ýurdumyzda gurulýan dürli maksatly täze iri desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamagyň we ähli degişli meseleleri öz wagtynda çözmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabatda meýilleşdirilen ýol-gurluşyk işlerini geçirmäge degişli anyk tabşyryklary hem berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda – nebitgaz, himiýa we balyk senagaty pudaklarynda işleriň ýagdaýy, hususan-da, Lebap welaýatynda durmuşa geçirilýän birnäçe iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylyşy hakynda hasabat berdi. 

Şunuň bilen baglylykda wise-premýer ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da ösdürmek we berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň eýe bolan baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak ýurdumyzda ýaýbaňlanan, türkmen halkynyň abadançylygyny hem-de rowaçlygyny üpjün etjek giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady. 

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan anyk wezipeleriň üstünde durup geçmek bilen, täze ýangyç ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek we gurnamak, nebitgaz çykarýan we nebithimiýa kärhanalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak babatda işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi. 

Bu babatda döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynda uly iş tejribesine hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri halkara nebitgaz kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi. 

Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew çykyş etdi. Ol gözegçilik edýän düzümleriniň işi, ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygy barada jikme-jik durup geçdi. 

Hususan-da, “Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan” gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek, bu taslama gatnaşýan döwletleriň Baştutanlarynyň 2010-njy ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen duşuşygynda gol çekilen hökümetara ylalaşyklara laýyklykda ýerine ýetirilýän işleriň barşy, Türkmenistanyň Energetika diplomatiýasy boýunça hökümet iş toparyny döretmek bilen bagly alnyp barylýan çäreler barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýleki döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň Türkmenistanyň energetika syýasatynda möhüm orny eýeleýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Lidermiz türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna ugratmagyň köpugurly ulgamyny döretmek bilen baglanyşykly ilkinji nobatdaky gaýragoýulmasyz wezipeler, şeýle hem energetika howpsuzlygynyň täze ählumumy binýadyny kemala getirmek babatynda Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny öňe ilerletmek barada durup geçdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, “Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan” transmilli gaz geçirijisini gurmak boýunça iri möçberli taslamanyň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu bolsa öz gezeginde TOPH taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna hem-de sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam eder. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki meselelerine hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk we rowaçlyk, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

Kuwwatlylygy Ýylda 30 Milliard Kubmetr Gaz Akdyrmaga Niýetlenen «Gündogar-Günbatar» Gaz Geçirijisine Gaz Berlip Başlanyldy

2018 Yılı Türkmenistan’da «Türkmenistan Büyük İpek Yolu’nun Kalbi» Yılı Olarak İlan Edildi

Koreýada Türkmenistanyň Bitaraplygy Hakynda Leksiýa Geçirildi

syrach