18.04.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Brýusselde jemlenişdi.

Brýusselde jemlenşen ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Siriýa goýlan ýarag embargosynyň möhlediniň uzadylmagy bilen baglanşykly karar kabul etdi.
ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri 1-nji martda möhledi doljak ýarag embargosynyň 3 aý uzadylmagy meselesinde ylalaşyga geldi.
Ministrler siriýaly oppozisionerlere tehniki taýdan goldaw berilmelidigini nygtady.
ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Siriýanyň hökümetine “guralýan howa hüjümleriniň bes edilmegi”barasynda ýüzlenme berdi.
ÝB-ne agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň jemleýji jarnamasynda Siriýadaky krizisiň goňşy ýurtlarda ýaýbaňlaşmak howpunyň bardygyna üns çekildi.
Daşary işler ministrleri ýadro synaglaryny dowam etdirýän Demirgazyk Koreýanyň hökümetine goýlan embargolaryň çäginiň giňeldilmegi bilen baglanşykly karar kabul etdi.
ÝB-ne agza ýurtlara syýahat gadagançylygy goýlan we emlagy saklanan Demirgazyk Koreýalylaryň sany 26-a, firmalaryň sany bolsa 33-e çykaryldy.
Balistiki roketa önümçiliginde ulanylýan enjamlaryň Demirgazyk Koreýa eksport we import edilmegi hem gadagan edildi.

Degişli makalalar

Hormatly Halkara Sergi-Ýarmarkasyna Hem-de Ylmy Maslahatyna Gatnaşyjylar!

syrach

Türkmenistanda Sebit Ekologiýa Maksatnamasynyň Ileri Tutulýan Ugurlary Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy