29.3 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

***
Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň bir topary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

***
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirmek zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary Muhammetseýit Babaýewiç Sylapowyň üstüne ýüklenildi.

***
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek baş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary Bäşim Hemraýewiç Klyçewiň üstüne ýüklenildi.

***
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, demir ýol ulaglary ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary Azat Silapowiç Atamyradowyň üstüne ýüklenildi.

***
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, oba we suw hojalyk ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek oba we suw hojalyk ministriniň ykdysadyýet we maliýe işleri boýunça orunbasary Amanmuhammet Atageldiýewiç Myradowyň üstüne ýüklenildi.

***
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Rejepmyrat Kakabaýewiç Annaberdiýew Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Orazmyradow Döwran Rahymberdiýewiçe käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, energetika ministri Pürçekow Çarymyrat Hywaliýewiçe käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Merkezi bankyň başlygy Annadurdyýew Merdan Öwezowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Jepbarow Rahimberdi Jepbarowiçe berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Hajyýew Döwletdurdy Täçdurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Bäşimow Döwletmyrat Nurberdiýewiçe käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň başlygy Paşiýew Taňyrguly Gurbangulyýewiçe berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy.

***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Amangeldiýew Dädebaý Saparowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myradow Goçmyrat Aşyrmuhammedowiçe duýduryş yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Toýlyýew Sapardurda berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Amannepesow Nurmuhammet Kakabaýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

***
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda welaýatyň:

– etrap häkimlikleriniň ady üýtgedildi;

– etrap we şäher häkimlikleri birleşdirmek arkaly üýtgedip guraldy;

– etrap we şäher häkimlikleriniň işgär sany; etrap we şäher häkimlikleriniň gurluşy tassyklanyldy.

Lebap welaýatynyň häkimligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri 1 aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***
Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda azyk harytlarynyň bolçulygyny has-da artdyrmak, içerki bazary giň görnüşli, ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda işleýänleriň zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmelerini üpjün etmek, olaryň durmuş goraglylygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 30-njy maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, zähmet depderçelerini bermegiň, ýöretmegiň we saklamagyň tertibi; zähmet depderçesiniň nusgasy tassyklanyldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti we Moldowanyň Prezidentiniň Arasyndaky Gepleşikler

syrach

OPEC+ Duşuşygyna Baglylykda Nebitiň Bahalary Ýokarlanýar

Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň Hökümet Wekilleriniň Arasynda Türkmenbaşy Halkara Deňiz Portunda Sanly Wideoaragatnaşyk Ulgamy Arkaly Gepleşikler Geçirildi