16.04.2026
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy GDA-nyň Baş Binasynda Sergi Gurnady

2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda GDA-nyň baş binasynda,Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda, türkmeniň medeni we taryhy mirasynyň, amaly-haşam sungatynyň, döwletimiziň gazanan üstünlikleri barada habar berýän suratlaryň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň sergisi geçirildi.

Serginiň dabaraly açylyşynda GDA-nyň Yerine Yetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine Ýetiriji sekretary S.N.Lebedew gutlag sözleri bilen çykyş edip, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň başlyklygynda, GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda özara hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanjakdygyna ynam bildirdi.

Sergi baý mazmunly bolup, ol Watanymyzyň daşary ýurtlar bilen köptaraply hyzmatdaşlygyň okgunly alnyp barylýandygynyň hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistana, halkymyzyň baý milli mirasyna, onuň ajaýyp medeniýetine we sungatyna bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygynyň subutnamasy boldy.

Geçirilen sergiden soňra, GDA-nyň Yerine ýetiriji komitetiniň jogapkär işgärleriniň, GDA-nyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik we Doly ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagynda kabul edişlik çäresi geçirildi we gatnaşyjylara türkmeniň milli tagamlary hödür-kerem edildi.

mfa.gov.tm

Degişli makalalar

Dohadaky Gepleşikler Türkmenistanyň we Kataryň Gatnaşyklary Giňeltmäge Bolan Meýillerini Berkitdi

Häzirki döwrüň we gelejegiň ýangyjy bolan tebigy gazy tygşytlaň.

syrach

Türkmenistanda Oba Hojalygyny Durnukly Ösdürmäge Gönükdirilen Halkara Taslamasynyň Üçünji Tapgyry Başlandy

turkmenhabargullugy