20.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Häzirki döwrüň we gelejegiň ýangyjy bolan tebigy gazy tygşytlaň.

Energiýanyň iň arzan görnüşi tygşytlanan energiýa bolup durýar: ony gazyp almaly, gerek ýerine eltmeli, başga hala öwürmeli. Meselem, tebigy gazy tygşytlamak – gazyp alynyşa edilýän çykdajyny azaltmakdyr, “mawy ýangyjy” gaýtadan işlemeli we biziň öýlerimize eltmeli. Bu bolsa örän köp serişdeleri talap edýär. Bu serişdeleri ykdysadyýetiň başga ugurlaryna göýberip bolardy, durmuş hajatlary üçin edilýän çykdajylary artdyrmaga we ilatyň ýagdaýyny gowlandyrmaga kömek ederdi. Gazyň sarp edilşine nähili gözegçilik etmeli, bu esasda tebigy gazyň tygşytlylygyny nädip gazanmaly – ine bular barada biziň habarçymyz “Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň gaz üpjünçiliginiň kadalary, hasaba almak we ýerlemek bölüminiň müdiri Maral TAGANOWADAN aýdyp bermegini haýyş etdi: 

– Adamlar tebigy gazyň öýlere üznüksiz berlip duranyna öwrenşiipdirler. Şunlukda mundan ýigrimi ýyldan gowrak wagt ozal her bir adam üçin 600 kubmetr gazyň mugtuna sarp edilşiniň kadasynyň bardygyny hiç kim ýada salmaýar. Şunlikda limitden daşgary sarp edilen gazyň bahasy 1000 kubmetrine bary-ýogy.. 2 manatdyr. 

Häzirki wagtda ýurduň içinde güýçli ykdysady ösüşler we ilatyň hal ýagdaýynyň ösmegi sebäpli gazyň sarp edilşi ep-eçli artdy. Halkara ülňülerine laýyk gelýän ýangyjyň sarp edilşiniň häzirki zaman hasbatyny ornaşdyrmak zerurlygy ýüze çykdy. Bu maksatlar üçin “Türkmengaz” Döwlet konserni tarapyndan 124 müňden gowrak gazy hasaplaýjylar satyn alyndy. Bu mukdardan gazyň sarp edilşini hasaplaýan abzallaryň 61 müňden gowragy oturdyldy. Bu işler ýurduň ähli welaýatlarynda dowam etdiriler. Sebäbi durmuşda tebigy gazyň ep-esli artyk sarp edilşine ýol berilýär. Ilatyň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen göýberilýän ýangyjyň limitinden artyk sarp edilşi bir ýarym esse artandygyna statisitika şaýatlyk edýär. 

Tebigy serişdeler tükeniksiz däldir, bizde bar bolan baýlyklary ýerlikli paýlamagy biziň özümiz çözmeli. Mundan hem başga, ýurduň Prezidentiniň 1992-nji ýylda kabul eden Kararynda gazyň mugt göýberilişi hususy we kooperatiä eýeçiliginde ulanylýan ýyladyşhanalary, daça we bag melleklerini, hususy garažlary ýylatmak üçin, enjamlary işletmäge degişli däldir. Hut şu bölekde hem gazyň sarp edilşi epe-esli köp bolmagyna ýol berilýär. 

Biziň ýurdumyzyň ilaty tarapyndan tebigy gazyň netijeli peýlanylmagyny we tebigy gaz üçin hasabaty düzgünleşdirmek maksady bilen, 2014-nji ýylyň 1-nji fewralyndan abşlap göýberilýän limitden artyk sarp edilen tebigy gazyň bahsay goşulan bahaň salgydyny nazara almak bilen, 1000 kubmetr gaz üçin 20 manat möçberde kedgitlenendir. 

Tebigy ýangyjy ýerlikli peýdalnmaklyga bolan talap doly kanuna laýykdyr. Köp babatda tebigy ýangyjyň ýerliksiz ulanylýandygy hasaba alyndy. Meselem, gaz gorelkaly demir peçleriň 10-sy we ondan hem köpüsi bilen uly bolmadyk ýyladyşhana ýyladylýar. “Türkmengaz” Döwlet konserniniň nebit we gaz Ylmy-gözleg taslama institutynyň geçiren hasabatyna laýyklykda ýyladyşhaanyň 100 inedördül metrini ýylatmak üçin zawotda öndürilen gorelkaly gaz gazany ulanylanda, elde ýaslan gorelkaly peç ulanylanylana garanyňda, ýangyç 2,6 esse az sarp edilýär. Bu sanlar bilen hususy eýeçilikdäki hojalyklaryň eýelerini gyzyklandyrar diýip pikir edýärin. Sarp edijiler ilkinji nobatda gorelkaly elde ýasalan gaz enjamlaryň ulanylmagynyň adamlar we olaryň emläkleri üçin howpludygyny ýatdan çykarmaly däldirler. Mundan hem başga, elde ýaslan gaz forsunkaly gazan aýda 11 müň kubmetr gazy sarp edýär. Bu bolsa zawotda öndürilenden iki esseden hem gowrakdyr. 

Gaz näçe köp sarp edildigiçe, şonça hem limitden artyk ýakykan tebigy gaz üçin köp tölemeli bolar. Mundan hem başga, durmuşda gaz hasaplaýjy gurallaryny goýmaga we ulanylmaga köpçülikleýin geçilmegi şahsy zerurlyklar üçin ilat we kärhanalr tarapyndan tebigy gazyň sarp edilşine gözegçilik etmegiň iň ygtybarly we dogry usuly bolar. Gaz ölçeýji abzalyň oturdylmagynyň özi moral nukdaýnazardan maşgala serişdeleri tygşytlamaga kömek eder.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentini Aziada-2017-niň Açylyş Dabarasyna Çagyrdy

TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ STAMBUL ŞÄHERINDE BÜTİNDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI

Ahal Welaýatynyň Kaka Etrabyndaky Mekdep Okuwçylary Halkara Internet-Olimpiadasynda Altyn Medallaryň 36-syny Eýelediler