29.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

OPEC+ Ýurtlary Ýanwar Aýynda Nebitiň Çykarylyşyny 34 Göterim Azaltdylar

Nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek gatnaşýan OPEC däl döwletler Gazagystanda nebit çykarylyşynyň artmagy we Russiýada hem-de Azerbaýjanda çäklendirmäniň derejesiniň pes bolmagy netijesinde ýanwar aýynda ylalaşygyň şertlerini diňe 25 göterim ýerine ýetirdiler. Bu barada Halkara energetika agentliginiň fewral aýyndaky hasabatynda aýdylýar, diýip TASS habar berýär.

HEZ-nyň hasaplamalaryna görä, OPEC döwletleri ýylyň ilkinji aýynda nebitiň çykarylyşyny bellenilen meýilnamadan 86 göterim ýerine ýetirdiler. OPEC+ ýurtlary ýanwar aýynda jemi günde 44,66 mln barrel nebit çykardylar.

Ýanwar aýynda Gazagystan nebitiň çykarylyşyny günde 2,08 mln barrele çenli artdyrdy (günde 40 müň barrel çäklendirmäge derek, günde 50 müň barrel artdyrdy). Russiýa bilen Azerbaýjan hem nebitiň çykarylyşyny pes depginde ýerine ýetirdiler. Muňa garamazdan, ylalaşygyň şertlerine laýyklykda, Russiýa nebitiň çykarylyşyny tapgyrlaýyn çäklendirip biler.

HEA-nyň çaklamasyna görä, 2019-njy ýylda dünýä boýunça nebite bolan islegiň ösmegi günde 1,4 mln barrele deň bolar. 2018-nji ýylda bu görkeziji günde 1,3 mln barreldi, diýip agentligiň hasabatynda bellenilýär.

«Nebit bazarynda isleg pes bahalaryň bolmagy hem-de ABŞ-da we Hytaýda täze nebithimiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň hasabyna saklanýar. Muňa garamazdan, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallamagy islegiň mundan beýläkki ýokarlanmasyny saklar» diýip HEA belleýär.

Şol bir wagtda agentlik OPEC däl döwletlerden 2019-njy ýylda ibermeleriň ösüşi boýunça çaklamasyny öň çaklanylan günde 1,5 mln barrele derek günde 1,8 mln barrel e ýetirdi. HEA-nyň bilermenleriniň sözlerine görä, nebit bazarynda teklibiň ösüşiniň çaklamasyna gaýtadan seredilmesi ilkinji nobatda ABŞ-da nebitiň çykarylyşyny has ýokary derejesi bilen baglanyşyklydyr.

oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz “Aşgabat-2017” Taslamasynyň Çäklerinde Täze Wagyz Ediş Çäresiniň Başyny Başlady

Türkmenistanyň Nebiti we Gazy-2016

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Sanly Wideoaragatnaşyk Arkaly Iş Maslahatyny Geçirdi