11.04.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Yrakda ýerli saýlawlar geçirilýär.

Yrakda ýerli saýlawlar geçirilýär.

Yrakda 18 welaýatyň 12-de ýerli saýlaw geçirildi.

Ýurduň demirgazygynda ýerleşýän 3 welaýat saýlawlara gatnaşmady.

Sünnüleriň köpçülikleýin ýaşaýan 3 welaýatyndaky saýlawlar hem Yragyň hökümeti tarapyndan yza süýşürildi.

447 kürsi üçin 8 müňden gowrak dalaşgäriň ýaryşan saýlawlary Yragyň demokratiýasy taýdan möhümdir.

Saýlawlarda Premýer ministr Nuri Al Malikiniň esasy bäsdeşi Yrakiýe hyzmatdaşlygynyň lideri İýad Allawidir.

Saýlawyň netijeleriniň nähili bolandygyna garamazdan Yragyň hökümetine agyr günler garaşýar.

Amerikan esgerleriniň çekilmeginden soň durnuklylyk ýola goýlup bilinmedik ýurtda syýasy toparlara bölünşigiň ýokarlamagyna alada bildirilýär.

Premýer ministr Maliki oppozisia tarapyndan diktator hökmünde häsiýetlendirilýär we Eýranyň täsirinde galmak bilen aýyplanýar.

Degişli makalalar

Prezidentimiz Owganystanyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisini Kabul Etdi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Adyna Gutlag Hatlary Gelip Gowuşýar

Metbugat