16.04.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Mahmud Abbas Jon Kerri bilen duşuşdy.

Türkiýede saparda bolýan Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen duşuşdy.

Stambulda bolan duşuşykda Ýakyn Gündogar parahatçylyk etabynyň ýaňadandan başladylmagy bilen baglanşykly meselelere garaldy.

Abbas bilen Kerriniň ykdysady gatnaşyklar barasynda hem pikir alyşandygy nygtaldy.

Abbas bilen Kerri üstümizdäki aýyň başynda Ramallah şäherinde duşuşypdy.

Palestina bilen Ysraýylyň arasyndaky gepleşikler 2010-njy ýylda Ysraýylyň Palestinadaky ýehudi ýaşaýyş ýerleriniň gurluşygyny dowam etdirmegi sebäpli bes edilipdi.

Degişli makalalar

Türkmenistan Gaz Senagaty

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyna Gynanç Bildirdi

Watan Goragçylarynyň Gününiň Hormatyna Sergi Açyldy