15.01.2026
SPORT

HTTU öňdebaryjylaryň arasynda.

Harkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbolçylarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň iki gezek eýesi paýtagtyň “Altyn asyr” toparyny 2:1 hasabynda ýeňmegi bilen ýokary liganyň toparlarynyň arasyndaky çempionatyň sekizinji tapgyrynyň oýunlary tamamlandy. 

Duşuşyk “Köpetdag” stadionynda geçirildi. Oýnuň hasabyny 9-njy minutda HTTU-nyň hüjümçisi Arslanmyrat Amanow açdy. 17-nji minutda Guwanç Abylow jogap pökgini geçirip, hasaby deňledi. Duşugyň 27-nji minudynda bolsa amatly tilsimler netijesinde A.Amanow ikinji pökgini geçirdi—2:1. Duşuşygyň ikinji ýarymynda hasap üýtgemedi. 

Şu ýeňşinden soň, HTTU 15 utuk toplady (şunça utuk “Aşgabat” we “Mary” toparlarynda-da bar) we sanawyň başyny çekip gelýän 16 utukly “Ahala” has ýakynlaşdy. 

Tora pökgi geçirmek boýunça öňdeligi Mämmedaly Garadanow (“Balkan”) alyp barýar. Onuň hasabynda 7 pökgi bar. Ondan iki pökgi az geçiren Didar Hajyýew (“Ahal”) ikinji orunda barýar. 

Milli futbol ýaryşynyň sekizinji tapgyry “Balkan”–“Aşgabat” toparlarynyň 23-nji iýuna geçirilen oýny bilen tamamlanar.

Degişli makalalar

Ýolöteniň täze sport toplumy.

syrach

Kikboksing Boýunça Aziýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Aziýa Çempionatynda Türkmen Türgenleriniň Üstünlikli Çykyş Edendikleri Bilen Gutlady

Türkiýe Respublikasynda Bilim Alýan Türkmen Talyplara Bildiriş

turkmenhabargullugy