26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ýeňiş gününiň hormatyna baýramçylyk çäreleri.

Şu gün bütin ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem 9-njy maýa-1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňiş gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri geçirildi. 

“Türkmenistan” we “Watan” kinokonsert merkezlerinde ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we paýtagtymyzyň häkimligi tarapyndan meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň, ussat estrada aýdymçylarynyň, bagşylaryň gatnaşmagy bilen baýramçylyk çykyşlary guraldy. Bu çärelere urşuň we tylyň weteranlary, aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň zähmetkeşler toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Älem içre at gezer” atly romanynyň baş gahrymany Berdimuhammet Annaýewiň mysalynda ýaş nesle watançylyk terbiýesini bermekdäki ähmiýetine bagyşlanan maslahat boldy, onuň durmuşy ösüp gelýän ýaş nesil üçin nusgadyr, mugallymçylyk işiniň tejribesi bolsa biziň günlerimizde hem möhümdir. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň, Türkmenistanyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim minstrliginiň guramagynda geçirilen maslahata urşa gatnaşanlar, ylym-bilim ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri we paýtagtyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. 

Mälim bolşy ýaly, şu günler bütin ýurdumyzda şanly senä—1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşe bagyşlanan uly möçberli çäreler geçirilýär. Her ýyl Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda ýowuz uruş günleriniň ähli kynçylyklaryny öz gerdeninde çeken uruş weteranlary, tylyň gaýduwsyz zähmetkeşleri, şeýle hem wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary kärhanalarda, mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde arzyly myhmanlardyr. Hemme ýerde geçirilýän duşuşyklarda ýalynly we gahrymançylykly ýyllar hakynda söhbet açylýar. 

Şol duşuşyklaryň barşynda türkmenistanlylaryň häzirki nesli gadymy türkmen topragynda parahat durmuşy berkarar etmekde edermenlik görkezen weteranlara tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler. Olar öz görkezen edermenliklerini halkyň hakydasynda baky ebedileşdirip, adamzadyň taryhynda iň Beýik Ýeňşi gazandylar, olaryň ady bolsa türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň gahrymançylykly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Olar fronta gidip, ýeňiş gazanyljakdygyna ynandylar we öz mähribanlarynyň we dogan-garyndaşlarynyň arasyna sag-salamat dolanyp gelmek hakynda arzuw etdiler. Bu iň gandöküşikli urşuň söweş meýdanlarynda biziň ildeşlerimiziň müňlerçesi deňsiz-taýsyz edermenlik, harby borja wepalylyk görkezdiler. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhammet Annaýew hem bar, onuň durmuş ýoly häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň beýik nusgasydyr. 

Şu günler faşizmiň garşysyna söweşlerde mertlik bilen gurban bolan türkmenistanly esgerleriň hormatyna bütin ýurdumyzda dikeldilen ýadygärliklere gül goýmak dabarasy geçirilýär. Olar öz borçlaryny ýerine ýetirmek we Watan goragçylaryna hoşallyk bildirmek, söweş meýdanlarynda gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hormatlamak üçin ýürekleriniň emri bilen bu ýere gelýärler, olaryň görkezen söweş edermenligi biziň häzirki parahat günlerimiziň esasy boldy. 

Gurban bolanlaryň gussa bilen ýatlanylýan we şol bir wagtda Beýik Ýeňşiň şatlyk duýgusyna beslenen bu dabaralarda saçlary agaran weteranlar, tylyň zähmetkeşleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bagtly we ajaýyp geljegini beýan edýän ýaşajyk türkmenistanlylar hem egin-egne berip durlar. Bu günki eşretili durmuş üçin söweş meýdanlarynda ata-babalarymyz şirin janlaryny bagyş etdiler. Olar urşuň indi hiç wagt ene toprakda tutaşmazlygy, ene ýüreklerini ynjytmazlygy üçin parahatçylygy gorap saklamak baradaky mukaddes wesýeti miras galdyrdylar. Şonuň üçin hem dabaraly çärelerde urşa gatnaşanlary, wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna we tylda zähmet çekmek bilen Beýik Ýeňşiň şöhratly senesini ýakynlaşdyranlara hormat goýulýar, şol sene biziň her birimiz üçin örän ajaýyp we mukaddes baýramçylyklaryň biridir. Ägirt uly pidalara we kynçylyklara getiren faşizmden üstün çykylyp gazanylan Beýik Ýeňiş öçmejek şöhrata eýe bolan we öz nesilleri üçin ýaşamak hukugyny, nurana geljegi gazanan ata-babalarymyzyň ýanbermez mertliginiň we gahrymançylygynyň nyşany bolup, adamlaryň hakydasynda hemişelik galar. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda mähriban Watanymyzy özgerdýän türkmenistanlylaryň şu günki we geljekki nesilleriniň abadançylygynyň hatyrasyna döwletimiz tarapyndan häzirki wagtda amala aşyrylýan ähli işler gahrymanlaryň görkezen edermenlikleri üçin iň oňat ýadygärlik we minnetdarlyk boldy. 

9-njy maýda, Ýeňiş gününde Aşgabatda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan gahrymanlaryň hatyrasyna gurlan Baky oda gül goýmak dabarasy bolar. Şol gün baýramçylyk çäreleri Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň merkezleriniň, şäherleriniň we şäherçeleriniň merkezi meýdançalarynda, şeýle hem paýtagtymyzdaky “Türkmenistan” we “Watan” kinokonsert merkezleriniň sahnalarynda dowam eder. Ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan konsertlerde we sahnalaşdyrylan çykyşlarda bütin ýurdumyzyň iň oňat aýdym-saz toparlary mähriban weteranlara öz döredijilik joşgunlaryny bagyş ederler. 

Şol gün hemme ýerlerde, ministrliklerde we pudaklaýyn edaralarda, ýokary, orta we ýörite okuw mekdeplerinde, medenýiet merkezlerinde, harby bölümlerde, serhet galalarynda we başgalarda guralan 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 68 ýyllygynyň hormatyna uruş weteranlary we wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary bilen dabaraly duşuşyklar geçiriler. Aýdym-sazly we sahnalaşdyrylan çykyşlar, şygryýet agşamlary, sergiler, döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda konsertler, urşuň we tylyň weteranlaryna ýadygärlik sowgatlaryny gowşurmak dabaralary bolar, olar biziň ýurdumyzda uly üns we hormat bilen gurşalandyr. 

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen berlen köp sanly ýeňillikler netijesinde olaryň mynasyp durmuşy üçin ähli şertler döredildi. Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda bolsa asylly däbe görä, ähli weteranlara, tylyň zähmetkeşlerine we wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul hem-de gymmatly sowgatlar gowşuryldy. 

Häzirki wagtda türkmenistanly weteranlar türkmen döwletiniň Baştutanynyň edýän yzygiderli aladasyny duýup, mähriban dogan-garyndaşlyrynyň arasynda gülläp ösýän ýurtda bagtyýar ýaşaýarlar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazanýan ägirt uly üstünliklerine buýsanýarlar. 

9-njy maýda agşam bolsa “Aşgabat” konsert merkeziniň sahnasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň Ýeňiş gününe bagyşlanan uly baýramçylyk konserti bolar, şonda ata-babalarymyzyň edermenligini, Türkmenistanyň parahatçylyk we ynsanperwerlik taglymlaryna ygrarlydygyny wasp edýän ajaýyp goşgular we aýdymlar ýaňlanar. 

Ýeňiş baýramy ruhubelentligi we ahlaklylygy özünde jemläp, bu däbi nesilleriň mynasyp dowam etdirýändigini beýan edýär, şonda hakyda biziň hemmämizi ýokary watançylyk duýgularyna, mähriban Watanymyzyň ykbaly üçin jogapkärçilige birleşdirýär. Bu duýgular täze taryhy eýýamyň—Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ynsanperwer hem-de döredijilik taglymlaryna ýugrulandyr, olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly we öňdengörüji ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyz tarapyndan yzygiderli ýöredilýän giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatynda iş ýüzünde öz beýanyny tapdy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginde Ynamy Berkitmegiň Çäreleriniň Agza-Ýurtlarynyň Tehniki Toparlarynyň Mejlisi Geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Saýlawlaryna Giňişleýin Taýynlyk Görülýär

BILDIRIŞ Hormatly Raýatlar!

turkmenhabargullugy