16.04.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Barak Obama Oklahoma ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren güýçli harasat zerarly gynanç hatyny iberdi. 

Türkmenistanyň Baştutany gurban bolanlaryň we ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Degişli makalalar

T.C. Aşkabat Büyükelçiliği Konsolosluk Şubesinin Işleyişinde Yapılan Düzenlemeler

BMG-niň Göçme Kubogy

syrach

Paýtagtly Okuwçylar Halkara Ylym Bäsleşiginde Baýraklara Mynasyp Boldular