18.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Paýtagtly Okuwçylar Halkara Ylym Bäsleşiginde Baýraklara Mynasyp Boldular

21-25-nji martda Gonkongda mekdep okuwçylarynyň ylmy taslamalarynyň Halkara bäsleşigi geçirilip, oňa 18 ýurtdan ýaşajyk alymlar gatnaşdylar. Himiýa mugallymy Atamyrat Şahanowyň halypalyk eden türkmen ýygyndy toparynda Aşgabadyň 26, 86 we 97-nji mekdeplerinden 8 okuwçy bardy.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, türkmen okuwçylary iki-ikiden himiýa, biologiýa we ekologiýa babatda taslamalary taýýarladylar. Ildeşlerimiz abraýly ylmy bäsleşikde 6 medal eýelediler.

Abdyrahman Altymuhammedow bilen Nowruz Baýramgeldiýew (86-njy mekdepden), şeýle hem Serdar Orazgeldiýew hem-de Serdar Gurbanmyradow (26 we 86-njy mekdeplerden) kümüş, Aşgabadyň 97-nji mekdebiniň okuwçylary Mekan Mekanow we Ahmet Amanow bürünç baýraga mynasyp boldular.

turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Dünyädä iň gys­ga adam 67 san­ti­metr

syrach

2020-nji Ýylyň 21-26-njy Aprel Aralygynda Tomaşaçylara Görkeziljek Kinofilmleriň we Konsertleriň Tertibi

turkmenhabargullugy

Agyr Atletikaçylaryň Saýlama Ýaryşlary