34.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Birinji Tapgyryň Duşuşyklary Geçirildi

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 1-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary geçirildi.

Türkmenbaşy şäherinde paýtagtymyzyň “Aşgabat II” toparyny kabul eden “Şagadamyň” ýaşlar düzümi 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Ahal II” hem-de “Nebitçi II” toparlary duşuşyp, 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

Bu tapgyrda geçirilmeli “Altyn Asyr II” bilen “Merw II” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 19-njy marta süýşürildi.

Ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary 10-11-nji martda geçiriler.

Geçirilen duşuşyklaryň netijesi:

“Şagadam II” – “Aşgabat II” – 2:1

“Ahal II” – “Nebitçi II” – 1:1

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Bozdepe

Türkmen Welosipedçileri Esasy Ýaryşlara Taýýarlanýar

Aşgabat Aziada-2017 Oýunlaryna Wiza Almak Hakynda

turkmenhabargullugy