18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň ýokary derejeli maslahaty Bişkekde geçirildi

Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň ýokary derejeli maslahaty Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde geçirildi.

Maslahatda Siriýa bilen birlikde Amerikan esgerleriniň geljek ýyl Owganystandan çekilmeginiň sebitiň howpsuzlygyna ýetirjek täsirleri meselesi seljerildi.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatyna Russiýanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň liderleri gatnaşdy.

Guramanyň synçy agzasy bolan Owganystan, Eýran we Mangoliýa hem prezident derejesinde wekilçilik etdi.

NATO degişli esgerleriň Owganystandan yza çekilmeginden soň ýurduň durnuksyzlygynyň goňşy ýurtlara zeper ýetirmegine alada bildirilýär.

Meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin geljek aý Bişkekde ýörite konferensiýa geçirler.

Maslahatda Siriýa bilen birlikde energetika we agza ýurtlaryň arasynda harby taýdan hyzmatdaşlyk edilmegi meselesine hem garaldy.

Maslahatyň çäginde özara duşuşyklar hem geçirildi.

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani Russiýanyň, Hytaýyň we Owganystanyň prezidentleri bilen duşuşdy.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynda Türkmenistan ýörite myhman statusynda. Owganystan, Pakistan, Eýran, Mangoliýa we Hindistan synçy agza we doly agza bolmak isleýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç hatyny iberdi.

syrach

BAE-den Marsa Ylmy Syýahat

turkmenhabargullugy