21.8 C
Aşkabat
24.04.2024
DURMUŞ

Ýol howpsuzlygy hemmämiziň işidir.

Türkmenistanda ýol hereketiniň howsuzlygyny üpjün etmek boýunça bir aýlygyň çäklerinde geçirilýän çärelerde ýurduň jemgyýetçilik guramalaryna uly orun degişlidir. Olar ministrlikler we edaralar bilen bilelikde maslahatlaryň, tele we radiogepleşikleriň, dürli bäsleşikleriň, ýol hereketiniň düzgünleri boýunça mekdep okuwçylary üçin ýörite sapaklary geçirmegiň guramaçysy bolup çykyş edýärler. 

Döwlet maksatnamasynyň çäreleri bilen bir hatarda, Tzrkmenistanyň Demokratik partiýasynyň şäher, etrap we welaýat komitetleriniň ählisi goşmaça meýilnama düzüdüler. Bu meýilnamada ýol hereketiniň howsuzlygyna gözegçilik boýunça ýol gözegçilik gullugynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda zähmet kollektiwlerinde ýygnaklary geçirmek, “Ýol howpsuzlygy – ähli halk işidir” ady bilen etrap maslahatlaryny geçimek göz öňünde tutulandyr. 

Elbetde, çagalara aýratyn üns beriler. Partiýa komitetleri şäher bilim müdirlikleri bilen bilelikde bir aýyň dowamynda mekdeplerde “Men ýol hereketiniň düzgünlerini bilýärin” ady bilen breýn ring, iň gowy diwarlyk, wiktorinalar, ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri bilen duşuşyklary geçirmegi bellediler

Ýurduň zenanlar guramasy hem bir aýyň dowamynda bu ugurda köp sanly işleri geçirmegi göz öňünde tutýar. Olar mekdep okuwçylary, çagalar baglarynda terbiýelenýänler, ýaşaýan ýerlerinde iş geçirmegi meýilleşdirýärler. Olar surat, plakat çekmek boýunça bäsleşiklerden, ýol hereketiniň howsuzlygy boýunça sazly we teatrlaşdyrylan oýunlary goýmakdan ybaratdyr. 

Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti hem bu işe öz goşandyny goşýar. Ýol hereketiniň howsuzlygy boýunça işler TGÝMJ ösdürmegiň 2011-2015 ýyllyr üçin maksatnamasynda, şeýle hem ýyllyk meýilnamada Türkmenistanyň Milli gyzyk ýarymaý jemgyýetiniň hem merkezi guramasynda, hem welaýat bölümlerinde berkidelendir. 

Çäreleriň ählisi habar beriş-düşündiriş häsiýetine eýedir. Meselem, Türkmenistanyň IIM Ýol gözegçilik gullugy bilen ýol howpsuzlyk meseleleri boýunça maglumatlar pannosy taýýarlanyldy. 2012-nji ýylda bilelikdäki meýilnamany amala aşyrmak işleriň çäklerinde welaýatlaryň ählisinde çäreleriň 433-si we 23 653 adamy öz içine alýan ýol howsuzlygy boýunça maglumatlar möwsümi geçirildi. 

Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti döwlet borçnamalary bilen bir hatarda Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň 31-nji Halkara maslahatynda ýol howpsuzlygy boýunça maglumatlary ýaýratmagy öz üstüne aldy.Bu wezipe maglumatlary, maglumat materiallary bilen, ideýalary, şeýle hem bu ugurda ideýalary alyşmakdan ybaratdyr. 

Ýol hereketiniň howsuzlygyny üpjün etmek toplumlaýyn häsiýete eýedir. Bu iş ýol-ulag hadysasyny döremeginiň sebäplerini duýdurmaga gönükdirilendir we awtomobil ulaglar, ýol gurluşyk, saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryny öz içine alýar. Jemgyýetçilik guramalarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çärelere gatnaşmagy ýol hereketiniň düzgünlerini bozmagynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işlere goldaw bermekden ybaratdyr.

Degişli makalalar

«Rysgal» PTB Internet-Banking we Elektron Gapjyk Hyzmatlaryny Ornaşdyrýar

Hasyl Baýramy Mynasybetli Dabaralar

Bişkekde ÝB-Merkezi Aziýa Ýokary Derejeli Dialogy Geçirildi