25.9 C
Aşkabat
17.06.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan we Şotlandiýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürler toparlarynyň wekilleri bolsa karbamidi (“Türkmensenagat eksport – import” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan öndürilen) satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 25 million 325 müň dollaryna deň boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 14 million 166 müň manatlykdan gowrak polietilen we polipropileni (“Türkmengaz” DK), polipropilen (TNGIZT) önümlerini, halylary, pagta süýümini satyn aldylar. TDH

Degişli makalalar

Älem Aýlanýan Ak Guş

turkmenhabargullugy

Batyr Hangeldiýew: Sport Boulinginiň Türkmenistanda Geljegi Uly

TAPI Pipeline Company Limited Kompaniýasy Bilen ILF Beratende Ingenieure GmbH Kompaniýasynyň Arasynda Şertnama Gol Çekildi