18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

Oguz Hanyň Tagmalary Tapyldy

Milli Liderimiziň badalga bermeginde Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndaky gadymy Akýaýla obasynyň golaýynda ýerleşýän Kazy şäherinde geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde Oguz hanyň Aý han oglundan bolan uly agtygy Ýazyryň bişen kerpijiň ýüzüne haşamlanan tagmasy tapyldy. Ýeri gelende bellesek, bu täsin mazmunly nyşan barada XV asyrda ýaşap geçen taryhçy Ýazyjyoglunyň «Oguznama» eserinde ýatlanylyp, onuň Ýazyr hanyň tagmasydygy tassyklanylýar.
Orta asyr Kazy şäherinden tapylan, ýüzüne tagma haşamlanan inedördül kerpijiň ölçegleri 22x22x4 santimetre deňdir. Kerpijiň ýüze çykarylan ýerindäki binagärlik we küýze önümlerinden, şeýle hem, kerpijiň ölçeglerinden, ýasalyş usullaryndan çen tutsak, bu tapyndy XI —XII asyrlara degişlidir.

Çeşme: http://metbugat.gov.tm/

Degişli makalalar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanlylar Nobatdaky Tapgyra Çykmaga Mümkinçiligini Saklap Galýarlar