01.12.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putine Wolgograd şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylykly hereketler zerarly gynanç hatyny iberdi. 

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmaryny iň bir aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýtdylýar. 

Türkmenistanyň Baştutany Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine şu agyr pursatda ruhy durnuklylyk we gujur-gaýrat dileg etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Bilelikdäki Mejlisi

syrach

Aşgabat Aziada-2017 Oýunlaryna Wiza Almak Hakynda

turkmenhabargullugy