18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi.

 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen Saglyk ýoluna çykdy. Bu ýol sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde döwlet syýasatynyň özboluşly nyşany bolup durýar. 


Türkmen gyşynyň säherinde Giňdiwaryň jülgeleri we belentlikleri has-da gözel görünýär. Jana şypaly dag howasy, tebigatyň täsin we gözel görnüşleri göwnüňi göterýär, kalbyňy heýjana salýar, ruhuňa kuwwat berýär. Saglyk ýolunyň ugrunda we daş-töwereklerinde oturdylan gyrymsy hem-de saýaly agaçlar, mydama gök öwsüp oturan arçalar bu ajaýyp ýerleriň howasynyň hoştaplygyny artdyrýar, dag eteklerine özboluşly gözellik çaýýar. Mähriban Watanymyzyň ajaýyp künjekleriniň biri bolan Köpetdagyň gerişleri bilen uzap gidýän Saglyk ýolundan paýtagtymyzda, aýratyn-da, onuň günorta böleginde alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işleri gözüň alynda ýaýylyp gidýär. Köpetdagyň ýapgydy bilen çekilen täsin Saglyk ýoly aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň höwes bilen dynç alýan ýerine, sport-köpçülikleýin we medeni çäreleriň geçirilýän künjegine öwrüldi. 


Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary hem-de wagyz-nesihatçysy we şunda watandaşlarymyza, ozaly bilen ýaşlara görelde bolmak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet işiniň juda köpdügine garamazdan, Saglyk ýoluna yzygiderli çykmak üçin wagt tapýar. Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramakdan we berkitmekden, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekden ybaratdyr. Bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmak saglyk üçin örän peýdalydyr. Islendik howada sport bilen meşgullanmak adamyň bedenini we ruhuny taplaýar diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Döwletimiziň baş baýlygy bolan mähriban halkymyzyň saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda durmuşy hakyndaky aladalar milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatynyň düýp özenini düzýär. 


Şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň “Saglyk-2020” syýasatynyň çäginde geçirilen Ýewropa ministrler maslahatyna gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýaşlarda ýokary ahlak, ruhy gymmatlyklary kemala getirmek, olary iň gowy milli däplerde terbiýelemek işiniň ähmiýetini belledi. 


Häzir ýurdumyzda ilatyň ähli gatlaklarynyň arasynda bedenterbiýe-sport hereketini wagyz etmek maksadynda uly işler geçirilýär. Şunda “Türkmenistanda bedenterbiýe we sporty goldamak hem-de ösdürmek boýunça 2011-2020-nji ýyllar üçin milli maksatnamanyň” durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Degişli ulgamyň häzirki zaman düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna we giňeldilmegine diňe bir ýokary üstünlikler sportuny ösdürmek üçin däl-de, eýsem, beden taýdan berk nesli kemala getirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini we sagdyn endikleri berkarar etmek üçin binýatlyk esas hökmünde garalýar. Döwletimiz döwrebap sport-sagaldyş desgalarynyň gurulmagyna uly möçberdäki serişdeleri goýberýär. Bulardan başga-da, dürli sport çäreleri—ýaryşlar, bäsleşikler, çempionatlar geçirilýär. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda her ýyl “Türkmenistan—ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” diýen şygar astynda ýaryşlary geçirmek baradaky başlangyjy türkmenistanlylaryň arasynda ählumumy joşguny döretdi hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmekde täze itergi boldy. Halkara Olimpiýa komiteti we sport federasiýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda sportuň ençeme görnüşleri, şol sanda Türkmenistan üçin adaty bolmadyk awtomobil, hokkeý, figuralaýyn typmak, sportuň suwdaky görnüşleri ösdürilýär. Ýurdumyz ençeme gezek halkara derejesindäki iri ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi, şol ýaryşlaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky futbol we hokkeý bäsleşikleri, “Dakar” tapgyrynyň “Ýüpek ýoly-2009” awtorallisi, Merkezi Aziýanyň sambo boýunça bäşinji çempionaty bar. 


Degişli ugurda geçirilýän giň gerimli işler dünýä bileleşiginiň hemmetaraplaýyn goldawyna we ykrar etmegine eýe bolýar. Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda çözgüdi munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup bu abraýly oýunlary kabul etmek hukugyny gazanandygy buýsançlydyr. 


Ýurdumyzda bu iri sport ýaryşlarynyň geçirilmegi jahanyň sport dünýäsinde Türkmenistanyň abraýyny artdyrmak, ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini wagyz etmek, onuň hataryna ýaşlaryň we çagalaryň köpsanlysyny çekmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen gurulýan Merkezi Aziýada iri Olimpiýa şäherjigi 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýerine öwrüler. Ol 30-dan gowrak desgalary öz içine alýar. V Aziýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlyk görmek we olary guramaçylykly geçirmek maksady bilen döwlet Baştutanymyz şu ýylyň ýanwar aýynda V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetini döretmek hakynda Karara gol çekdi, 18-nji dekabrda bolsa hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň göçme mejlisiniň barşynda “V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti döretmek hakynda” Permana, “V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň meseleleri hakynda” hem-de “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň düzümini, şol komitet hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak hakynda” Kararlara gol çekildi. 


… Şu gün Giňdiwaryň gözel künjeginde Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýygnandylar. 8 kilometrlik Saglyk ýolunyň başlanýan ýerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gelýär. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy mähirli garşylaýarlar. 


Milli Liderimiz Saglyk ýoluna çykmak bilen, daşky gurşawyň bu ýerden açylýan gözel görnüşini synlady. Saglyk ýolunyň gyralarynda we daş-töwereginde oturdylan köpsanly agaç nahallary tebigatyň gözelligine görk goşýar. Olar dag eteginiň ekologiýa ýagdaýyna oňaýly täsir edýär. 


Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda tebigaty goramak, biologiki köpdürlüligi we tebigy landşaftlary gorap saklamak babatda, şol sanda “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýanyň” we “Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň” çäklerinde ägirt uly işler geçirilýär. Şol maksatnamalara laýyklykda, her bir şäheriň, obanyň töwereginde uly tokaýlar peýda boldy, akabalaryň we derýalaryň kenarlary, Hazaryň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň desgalary ýaşyl lybasa bürenýär. 


Milli Liderimiz ýörişini dowam edip, hemişe bolşy ýaly, köp kilometrlik Saglyk ýolundan kä ýöräp, käte-de ylgap geçdi. Şu ýerde, dag eňňitlerinden Aşgabadyň ägirt uly görnüşi we onuň köpsanly täze gurulýan desgalary açylýar. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň möhüm taraplaryna ünsi çekdi. Hususan-da, iň ýokary standartlara ugur almagyň hem-de desgalary ulanmaga tabşyrmagyň möhletlerini berjaý etmegiň zerurdygy bellenildi. 


Hormatly Prezidentimiz 2013-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleriň gazanylandygyny belläp, bu işleriň yzygiderli hem-de netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Täze-2014-nji ýylyň ähli ulgamlar boýunça beýik ýeňişlere beslenmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň görülmelidigine ünsi çekdi. 


Gurulýan täze binalar we desgalar ýurdumyzyň baş şäheriniň özboluşly binagärlik toplumyna sazlaşykly utgaşmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu künjekde seýilgäh zolaklaryny we dynç alyş ýerlerini abadanlaşdyrmaga, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmäge degişli meselelere aýratyn üns bermek barada görkezmeler berdi. Bejeriş häsiýetine eýe bolan arassa dag howasy, tebigatyň ajaýyp görnüşleri adamlaryň keýpini göterýär, ruhubelentlik berýär diýip, milli Liderimiz nygtady. 


Saglyk ýolunyň ýokarky meýdançasynda, şemala pasyrdaýan Döwlet tugunyň ýanynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bilen serkerdeler we serhetçi esgerler ruhubelentlik bilen garşylaýarlar, olar dag ýolundaky ýagdaý barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdiler. Belent Serkerdebaşymyz hasabaty kabul edip, olary gündogar senenamasy boýunça bedew ýyly hasaplanýan Täze – 2014-nji ýyl bilen gutlady. 


Milli Liderimiz esgerleriň durmuşy we gullugy bilen gyzyklanyp, ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda eserdeň durýan hem-de harby we watançylyk borçlaryny ak ýürek bilen ýerine ýetirýän Watanymyzyň öz edermen ogullaryna tüýs ýürekden buýsanýandygyny belledi. 


Harby gullukçylar özleri hakda edýän atalyk aladasy üçin Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirdiler hem-de geljekde Watanymyzy hüşgärlik bilen gorap, hormatly harby borçlaryny ak ýürekden ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar. Pursatdan peýdalanyp, serkerdeler we serhetçi esgerler türkmen döwletiniň Baştutanyny Täze ýyl bilen gutladylar hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, abadançylyk, egsilmez gujur-gaýrat hem-de Watanymyzyň we türkmen halkynyň eşreti üçin alyp barýan köptaraply işinde üstünlikler arzuw etdiler. 


Milli Liderimiz türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda bedewlere çäksiz söýgi bilen garaýandygyny belläp, ýurdumyzda milletimiziň baý medeni mirasyny dikeltmek hem-de aýawly gorap saklamak, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny berkitmek boýunça ägirt uly işleriň geçirilýändigini nygtady. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gymmatly baýlygymyz hem-de milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleri Türkmenistanyň ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine okgunly gadamyny alamatlandyrýandygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz harby gullukçylara baýramçylyk mynasybetli iň gowy arzuwlaryny aýtdy. 


Milli Liderimiz esgerler bilen hoşlaşyp, ýoluny dowam etdi. 


Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýokary hünärli işgärleri hünärmenleri taýýarlamagyň hem-de kemala getirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde goýlan anyk wezipeler barada aýdyp, ýene-de bir gezek ýaşlary dünýä ylmyna çekmek bilen bir hatarda, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň şolaryň iň möhümi bolup durýandygyny belledi. 


Hormatly Prezidentimiz Köpetdagyň dag eňňitleri boýunça geçmegiň barşynda ýoluň bütin ugrunda onuň ýagdaýy we töweregindäki ýerleriň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, bagy-bossanlyga öwürmek meselelerine aýratyn üns berdi. 


Döwlet Baştutanymyz Saglyk ýolunyň ahyrky bölegindäki meýdançada bagy-bossanlyga öwürmek işleriniň ýerli tebigy howa şertleri nazara almak bilen amala aşyrylmalydygyny ýene-de bir gezek nygtady. Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, arassaçylyk kadalaryny pugta berjaý etmek, täze dynç alyş zolaklaryny döretmek barada hem degişli görkezmeler hem berildi. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saglyk ýolundan geçmegi milli Liderimiziň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemäge uly ähmiýet berýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. 


Döwlet Baştutanymyz hemmelere saglyk, egsilmez ruhubelentlik we uly üstünlikler arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Degişli makalalar

Iýunyň Baýramçylyk Senenamasynda-Aziada-2017-ä 100 Gün Galmagyna Bagyşlanan Dabaralar

Türkmenistanda Bütindünýä Welosiped Güni Bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Italiýanyň Prezidentiniň Arasyndaky Gepleşikler

syrach